Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Muny halklar arasynda jar ediň: «Söweş üçin taýýarlyk görüň, batyrlary aýaga galdyryň, goý, esgerleriň bary jemlensin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Муны халклар арасында җар эдиң: «Сөвеш үчин тайярлык гөрүң, батырлары аяга галдырың, гой, эсгерлериң бары җемленсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 3:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň! Ol sadyklarynyň janlaryny aman saklaýar, olary erbet adamyň elinden halas eýleýär.


Eý, milletler, golaýrak geliň-de, eşidiň! Eý, halklar, diňläň! Ýer ýüzi we ondaky her kes, dünýädäkiler, onda döränleriň bary eşitsin!


Rebbiň sözüni diňläň, eý, milletler, ony uzakdaky kenarlarda yglan edip diýiň: „Ysraýyly dargadan Hudaý ony ýygnar, çopanyň öz sürüsini goraýşy ýaly gorar“.


«Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“.


Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.


Ýurtda baýdak dikiň, milletler arasynda surnaý çalyň, milletleri Babyl bilen uruşmaga taýýarlaň. Ararat, Minni we Aşkenaz patyşalyklaryny Babylyň garşysyna çagyryň, onuň garşysyna serkerde belläň, üstüne çekirtge sürüsi kimin atlar ýollaň.


Iýerusalime garşy söweşmäge taýýarlanyň. Turuň, gündiziň güni çozalyň! Işimiz gaýtdy! Gün ýaşyp barýar, öýlän kölegeler uzalýar!


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öňki döwürlerde gullarym Ysraýyl pygamberleriniň üsti bilen gürrüňini edenim sen dälmidiň? Ol günlerde Meniň seni ysraýyllaryň garşysyna çykarjakdygym hakda ýyllar boýy pygamberlik etdiler.


Taýýar bol! Ýanyňa ýygnan ähli jemagatyň bilen birlikde taýýar bol. Bu jemagata sen goragçy bolarsyň.


Halkymy azaşdyryp, özlerini doýurýanlara asudalyk diläp, doýurmaýanlara-da uruş yglan edýän pygamberler hakynda Reb şeýle diýýär:


Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir.


Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli milletleri ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.


Onsoň Reb çykyp, söweş günündäki ýaly edip, şol halklaryň garşysyna urşar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ