Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Çünki siz Meniň altyn-kümşümi, saýlama hazynamy buthanalaryňyza äkitdiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Чүнки сиз Мениң алтын-күмшүми, сайлама хазынамы бутханаларыңыза әкитдиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 3:5
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda patyşasy Ýowaş atalary bolan Ýahuda patyşalary Ýehoşapadyň, Ýehoramyň, Ahazýanyň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, özüniň Rebbe bagyş eden bar zatlaryny, Rebbiň öýüniň we patyşanyň öýüniň hazynalaryndaky altynyň baryny alyp, Siriýa patyşasy Hazaýyla iberdi. Şondan soň Hazaýyl Iýerusalimden el çekdi.


Ahaz Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalarynda bar bolan altyndyr kümşi alyp, sowgat hökmünde Aşur patyşasyna iberdi.


Rebbiň aýdyşy ýaly, Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi.


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Şonuň üçin hem şeýle günler geler, mundan beýläk ‘Ysraýyl halkyny Müsür ýurdundan çykaran Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýilmez. Muny Reb aýdýandyr.


Babyldan gaçyp gutulanlar Hudaýymyz Rebbiň öjüni, Onuň ybadathanasynyň öjüni Sionda yglan edýärler, Olaryň seslerini eşidiň!


Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.


Munuň üçin, pygamberlik et-de, olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men gabyrlaryňyzy açyp, sizi gabyrlaryňyzdan çykararyn, eý, halkym; sizi Ysraýyl ýurduna getirerin.


Bulara derek ol galalaryň hudaýyna hormat goýar. Ata-babalarynyň tanamadyk hudaýyny altyn-kümüş, gymmatbaha daşlar we her dürli sylag-serpaýlar bilen hormatlar.


Ýöne Sion dagynda jezadan halas galanlar bolar we Sion dagy mukaddes bolar. Ýakubyň nesli öz mülküne gowşar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ