Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 3:4 - Mukaddes Kitap

4 Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Эй, Сур, Сидон ве әхли Пилишт велаятлары, сиз кимсиңиз Мениң үчин? Сиз Маңа гайтавул берйәрсиңизми? Эгер гайтавул берйән болсаңыз, Мен сизиң эденлериңизи окгунлылык билен тизара башыңыза саларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 3:4
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb piliştlileriň we efiopiýalylaryň golaýyndaky araplaryň Ýehorama garşy gazabyny oýardy.


«Özüňizi uran taýak döwüldi diýip şatlanmaň, eý, piliştliler! Ýylan tohumyndan kepjebaş dörär, onuň miwesi-de uçýan mähnet ýylan bolar.


Rebbiň öç güni, Sionyň ynjamasyndan ar alyş ýyly bolar.


Ol her kese işlerine görä jeza berer, ýagylaryna gazap, duşmanlaryna jeza garaşýar, adalara jeza berer.


Faraonyň Gazany ýeňmezinden öň, piliştliler hakynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Çünki ähli piliştlileriň ýok ediljek güni geler. Sura bilen Sidona kömek edip biljek aman galanlaryň ählisi ýok ediler. Reb Kaptoryň kenarynda aman galan piliştlileri derbi-dagyn eder.


Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur.


Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.


«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Emma Men size diýýärin: kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar!


Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Emma kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar!


Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?


Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Hudaý adalatlydyr. Ol size jebir çekdirýänlere jebir berer,


Ýeftah Ammon patyşasyna: «Sen meniň ýurdumyň üstüne çozar ýaly, aramyzda näme bolan zat bar?» diýen sözleri aýtmak üçin, onuň ýanyna öz ilçilerini iberdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ