Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Мен әхли миллетлери йыгнап, олары Ехошапат җүлгесине гетирерин, сайлан ысрайыл халкымы миллетлер арасында пытрадандыгы үчин, Мен шол ерде олара хөкүм чыкарарын. Олар Мениң топрагымы бөлдүлер,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 3:2
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dördünji gün olar Beraka deresine ýygnanyp, şol ýerde Rebbi alkyşladylar. (Şonuň üçin-de bu dere şu güne çenli hem Beraka deresidir.)


Reb bütin adamzada otdur gylyjy bilen höküm eder, Rebbiň öldürenleri köp bolar.


Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler.


«Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Arryldysy ýer ýüzüniň uçlaryna ýeter, çünki Rebbiň milletler bilen dawasy bar. Ol ähli adamzada höküm çykarar, erbetleri gylyçdan geçirer“. Muny Reb aýdýandyr.


Reb ammonlar barada şeýle diýýär: «Ysraýylyň ogullary ýokmy? Onuň mirasdary ýokmy? Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp, halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?»


Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Mowap bilen Segir: „Ýahuda halky hem beýleki milletler ýalydyr“ diýdiler.


Goýunlarym bütin daglarda we belent depelerde ygyp gezdiler; Meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne dargady, olary soran-da bolmady, idän-de“».


«Men-Reb ol ýerde bolsam-da, sen „Bu iki millet, bu iki ýurt biziňki bolar, biz ony eýeläris“ diýdiň.


Sen, eý, ynsan ogly, Ysraýyl daglary hakda pygamberlik edip, şeýle diý: «Eý, Ysraýyl daglary, Rebbiň sözüni eşidiň.


«Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“».


Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn.


Şol gün Men Ysraýylda, deňziň gündogaryndaky Ötegçiler deresinde Goga gabrystanlyk bererin. Gogy we onuň ähli goşunyny ol ýerde gömerler we oňa „Goguň beýik goşunynyň deresi“ diýerler.


«Goý, milletler galkynsyn, Ýehoşapat jülgesine insin, çünki çar tarapdan gelen milletlere höküm çykarmak üçin, Men şol ýerde oturjak.


Höküm jülgesinde Birgiden mähelle, ägirt mähelle! Çünki Rebbiň güni höküm jülgesine golaýdyr.


Reb şeýle diýýär: «Men edomlylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki doganlaryny gylyçly kowalap, rehim-şepagat etmediler, çäksiz gaharyny dökdüler, gazap atyna baky atlandylar.


Emma Rebbiň pikirini bilmeýär olar, Onuň maksadyna-da düşünmeýärler. Harmanda döwüljek bugdaý desseleri deý jezalandyrmak üçin Reb olary bir ýere jemledi.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.


Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».


Bular alamatlar görkezip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular Hökmürowan Hudaýyň beýik gününde boljak söweş üçin bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýarlar.


Onsoň erbet ruhlar patyşalary ýewreýçe «Armageddon» diýilýän ýere üýşürdiler.


Olar halkyňyň we pygamberleriňiň ganyny dökdi, Sen hem olara gan içirip, almytyny berdiň!»


Ol çykyp, ýeriň dört künjegindäki halklary, ýagny gog-magoglary aldap, olary söweşe toplar. Toplananlaryň sany deňiz kenaryndaky çäge kimindir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ