Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 3:18 - Mukaddes Kitap

18 Şol gün şeýle bolar: Daglardan täze şerap damar, baýyrlardan süýt akar, Ýahuda jarlarynyň ählisi suwdan dolar. Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp, Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Шол гүн шейле болар: Даглардан тәзе шерап дамар, байырлардан сүйт акар, Яхуда җарларының әхлиси сувдан долар. Реббиң өйүнден гөзбаш ярылып, Шитим җүлгесиниң гуры җарларыны гандырар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 3:18
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýollarym süýt bilen ýuwlardy, gaýadan zeýtun ýagy akardy!


Ol halklary biziň golastymyza berdi, milletleri aýak astymyza çökerdi.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Uly gyrgynçylyk gününde, diňler ýykylanda, her beýik dagda, her belent baýyrda akar suwly çeşmeler bolar.


Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar;


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Eý, gökler, ýokardan ýagdyryň, bulutlar dogrulyk ýagdyrsyn; ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin, onuň bilen birlikde dogrulyk bitsin; bulary Men – Reb ýaratdym».


Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!


Onuň göwsünden emip, doýarsyňyz, teselli taparsyňyz; ganyp-ganyp içip, doly göwsünden lezzet alarsyňyz.


Olar gelip, Sionyň belent depesinde aýdym aýdarlar, Rebbiň beren bereketlerine: bugdaýa, şeraba, ýaga, owlak-guza we gölelere begenip, göwnühoş bolarlar. Olar suwarylan bag kimin bolarlar, asla solmazlar.


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


Şol gün Iýerusalimde suw joşar. Suwuň ýarysy gündogardaky deňze, ýarysy günbatardaky deňze akar. Bu gyşyna-da, tomsuna-da şeýle dowam eder.


Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ