Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Reb gümmürdeýär Siondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär. Emma Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Реб гүммүрдейәр Сиондан хем сесленйәр Иерусалимден. Асман билен ер лерзана гелйәр. Эмма Реб Өз халкына пенадыр, хем ысрайыл халкы үчин галадыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 3:16
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.


Ýa Reb, meni eşit-de, merhemet eýle! Ýa Reb, Sen bol meniň kömekçim.


Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: ýykylmaryn men.


Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.


belentliklerde ýaşarlar. Gaýalardaky galalar penalary bolar, çörekleri berler, teşne galdyrylmazlar.


Giň derýalardyr çeşmeleriň bolan ýerinde, şöhratly Reb biz bilen bolar, olardan ne kürekli gämiler, ne-de uly gämiler geçer.


Reb pälwan dek öňe gidýär, urşujy kimin gazabyny artdyrýar, gygyryp, söweş nagrasyny çekýär, duşmanlaryndan üstündigini görkezýär.


«Sözlerimi agzyňa saldym, seni elimiň kölegesinde gizledim; gökleri berkarar etdim, ýeriň düýbüni tutdum, Siona: „Sen Meniň halkymsyň“ diýdim».


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Meni howp astyna salma, betbagtlyk güni penakärim Sensiň.


Gabanjaňlygym we otly gazabym bilen Men jar edýän: Şol gün Ysraýyl ýurdunda ýer titrär.


Reb arslan ýaly nagra çeker. Olar Rebbiň yzyna eýererler. Nagra çekende, Onuň çagalary günbatardan titreşip geler.


Amos şeýle diýdi: «Reb Siondan nagra çekýär, Iýerusalimden sesini eşitdirýär. Çopanlaryň öri meýdanlary solýar, Karmel dagynyň başy guraýar».


Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?»


Reb ýagşydyr, betbagtlyk gününde halkyna penadyr; Ol Öz penasyndakylary goraýandyr.


Çünki Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men az salymdan ýene bir gezek gögi we ýeri, deňzi we gury ýeri sarsdyraryn.


Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir.


Olar Men-Rebde kuwwatlanarlar, Meniň adym bilen gezerler, Muny Reb aýdýandyr.


Ýahuda neslini kuwwatlandyraryn, Ýusup neslini halas ederin, Men yzyna getirerin olary, çünki olara rehimim indi. Men tarapdan unudylmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi olaryň Hudaýy Reb Mendirin; Men olara gulak asaryn.


Eý, umytly ýesirler, öz galaňyza dolanyň! Bu gün size iki esse bereket berjekdigimi jar edýän.


Şol wagt Hudaýyň sesi ýeri sarsdyrypdy, emma indi Ol: «Men ýene bir gezek diňe ýeri däl, gögi-de sarsdyraryn» diýip söz berdi.


Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Şondan soň ýyldyrymlar çakdy, gümmürdäp, gök gürledi, güýçli ýertitreme boldy. Ynsanlar ýer ýüzünde ýaşap başlany bäri şeýle güýçli ýertitreme bolmandy.


Şeýle hem, Ysraýyl Şöhraty ýalan sözlemez ýa-da pikirini üýtgetmez. Çünki Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ