Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 3:14 - Mukaddes Kitap

14 Höküm jülgesinde Birgiden mähelle, ägirt mähelle! Çünki Rebbiň güni höküm jülgesine golaýdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Хөкүм җүлгесинде Биргиден мәхелле, әгирт мәхелле! Чүнки Реббиң гүни хөкүм җүлгесине голайдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 3:14
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Janymyň kastyndakylar duzak gurýarlar; meniň zelelimi gözleýänler meni ýykmak hakda gürrüň edýärler; uzakly gün hile gurmagy niýet edýärler.


Daglardaky gykylyga gulak goýuň, bu köp halklaryň sesine meňzeýär! Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň, patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň! Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.


Görnüş jülgesi barada pygamberlik: Baryňyz üçeklere çykar ýaly, size näme boldy?


Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.


Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.


Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?


«Goý, milletler galkynsyn, Ýehoşapat jülgesine insin, çünki çar tarapdan gelen milletlere höküm çykarmak üçin, Men şol ýerde oturjak.


Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,


Golaýdyr Rebbiň höküm güni, golaýdyr, Ine, ýetip gelýändir ol. Hasratlydyr Rebbiň şol güni, batyr esger ajy perýat eder.


şol «itlerden», şol betkärlerden, şol pürçük «çapyjylardan» seresap boluň.


Ine, häzirki ýer bilen asman bolsa Hudaýyň sözi bilen saklanyp, hudaýsyz adamlaryň höküm we heläk ediljek gününe çenli ot üçin taýýar dur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ