6 Halklar dowla düşýär olaň öňünde, ýüzleri-de gorkudan ak tama dönýär.
6 Халклар довла дүшйәр олаң өңүнде, йүзлери-де горкудан ак тама дөнйәр.
Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.
Indi soraň, görüň, heý, erkegem çaga dograrmy? Näme üçin çaga dogurýan aýal ýaly erkekleriň ellerini bilinde görýärin? Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk?
Biçäre halkymyň ýarasyndan ötri men-de ýaraly, ýas tutýaryn, üstüme howp abandy.
Indi ýüzleri kömürden gara, köçelerde tanalmaýarlar. Derileri süňklerine ýapyşyp, gury agaja döndüler.
Çolardy, harabalyga öwrüldi, weýran boldy! Ýürekler ezilip, dyzlar titreýär, hemmäniň süňňi sarsyp, ýüzleri çuw ak bolýar.
Arslanlaryň sürenine, ýaş arslanlaryň ýerine näme boldy? Arslanlaryň barýan, çaga arslanlaryň gorkusyz gezýän ýerine näme boldy?