Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 2:26 - Mukaddes Kitap

26 Siziň iýjegiňiz bolelin bolar, olardan gerk-gäbe doýarsyňyz; siziň üçin ajaýyp işleri eden Hudaýyňyz Rebbiň adyna alkyşlar aýdarsyňyz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Сизиң ийҗегиңиз болелин болар, олардан герк-гәбе доярсыңыз; сизиң үчин аҗайып ишлери эден Худайыңыз Реббиң адына алкышлар айдарсыңыз. Мениң халкым гайдып утандырылмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 2:26
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iberen sowgatlarymy kabul et. Hudaý meni ýalkady. Mende hemme zat bar» diýdi. Şeýdip, Ýakup Ysawy sowgatlaryny kabul etmäge yrdy; Ysaw olary kabul etdi.


Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan guýulary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar.


Sen ýeri binýatlarynyň üstünde gurduň, ol sarsmaz asyrlarboýy.


Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini, ýöne welin Rebdir onuň penasy.


Men öz ýazygymy boýun alýaryn, günäm babatda hasrat çekýärin.


Siz Hudaýa nagmalar aýdyň, Onuň adyna öwgüler aýdyň. Bulutlara atlanyp Barýany arşa çykaryň, Onuň ady – Reb. Onuň öňünde heşelle kakyň.


Dogrudan-da, Sen sürçek ýerlerde goýduň olary, harabalyga düşer ýaly etdiň olary.


Dogruçylyň doýýança iýjegi bardyr, emma erbetleriň garny aç galar.


Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!


Ýa Reb, Sensiň meniň Hudaýym! Seni arşa çykararyn, alkyşa beslärin adyňy, çünki Sen ajaýyp işler etdiň, owaldan karar etdiň, kämil sadyklyk bilen.


Munuň üçin Ybraýymy halas eden Reb Ýakubyň nesilleri hakda şeýle diýýär: «Ýakup indi utanmaz, Onuň ýüzi gyzarmaz indi.


Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Ýer size öz miwesini eçiler, siz ondan doýup iýip, howpsuz ýaşarsyňyz.


Men sizi çörekden kesenimde, on aýal diňe bir tamdyrda çörek ýapar. Olar çöregiňizi size ölçäp bererler. Siz ondan iýersiňiz, ýöne doýmarsyňyz.


Ekinleriňiz şeýle bir köp hasyl getirer welin, döwegiňiz üzüm ýygymyna çenli dowam eder. Üzüm ýygymy galla ekişine çenli dowam eder, çöregiňizi doýup iýersiňiz, ýurduňyzda howpsuzlykda ýaşarsyňyz.


Iýersiňiz, emma doýmarsyňyz, aç galarsyňyz. Ýygnarsyňyz, ýöne saklamarsyňyz. Saklanyňyzy gylyç bilen ýok ederin.


Garşyma eden ähli pis işleri üçin, şol gün halkym utandyrylmaz. Çünki Men özüne buýsanyp, men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn. Siz mukaddes dagymda mundan beýläk tekepbirlik etmersiňiz.


Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.


Nähili ajaýyp hem gözel bolarlar! Bol bugdaý hem täze şerapdan gyz-ýigitler gül açarlar.


Mukaddes Ýazgylar hem: «Oňa bil baglan utandyrylmaz» diýýändir.


Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.


Hudaý Mukaddes Ýazgylarda olara bu daş barada aýdypdy: «Ine, Men Sionda büdreme Daşyny, ýykýan Gaýa goýýaryn; Oňa bil baglan utandyrylmaz».


Şeýle hem, Ol mal-garalaryňyz üçin ekin meýdanlaryňyzda ot gögerder. Siziň garnyňyz dok bolar.


Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur.


Bulary Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň saýlajak ýerinde ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile iýiň. Öz eden ähli işleriňiz üçin Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyň.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Siz iýip-içip doýanyňyzdan soň, özüňize gowy ýurt bereni üçin Hudaýyňyz Rebbe alkyş aýdarsyňyz.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Indi, eý, balalar, Mesih gelende ynamymyz bolup, Onuň huzurynda utanmaz ýaly, Onuň bilen ýaşalyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ