Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 2:23 - Mukaddes Kitap

23 Eý, Sion perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Эй, Сион перзентлери, бегениң, Бейик Худайыңызда шатланың! Чүнки адалат үчин, Ол гүйз ягшыны ягдырды; Ол сизе болелин ягшы эчилди. Озал болшы ялы ягдырды, гүйз хем-де яз ягышларыны.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 2:23
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

şonda Sen gökde eşit-de, Öz gullaryň bolan ysraýyl halkynyň günäsini geçip, olara dogry ýoldan ýöremegi öwret. Öz halkyňa miras hökmünde beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr.


Ýöne müňlerden bir perişde araçy bolup, ynsana dogruçyllygy aýan etmäge gelse,


Ýa ynsanlary jezalandyrmak üçin, ýa-da ýer ýüzüni suwaryp, Öz söýgüsini görkezmek üçin, Ol ýagyş ýagdyrýar.


Ol buýurdy: çekirtgeler, san-sajaksyz ganat baglamadyk çekirtgeler hüjüm eýledi.


Ol Ýakup halkyna yglan edýär sözüni, Ysraýyla – parzlaryny we hökümlerini.


Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Sion perzentleri Şasyna, goý, begensin!


Emma ebedidir Reb maslahaty, Onuň ýürek pikirleri – nesillerboýy.


Sen gaharlanjakmy bize ebedi? Nesilden-nesle geçirjekmi Öz gaharyňy?


Patyşanyň ýüzündäki nurda ýaşaýyş bardyr, merhemeti ýaz ýagşyny getirýän bulut ýalydyr.


Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.


Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer, ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar. Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar.


Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi, ýaz ýagşy ýagmady. Sen bihaýa lola meňzediň, utanjyň nämedigini bilmediň.


Olar muny ýürekden diýmeýärler: «Geliň, güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz möwsüminde ýagdyrýan, biz üçin orak-ýygym hepdelerini saklaýan Hudaýymyz Rebden gorkalyň».


Sionyň jandan eziz çagalary sap altyndan-da gymmatlydy! Wah, indi küýzegäriň eliniň işi gury bir toýna deň bolup galdy!


Men olara we dagymyň töweregindäki ýerlere bereket indererin; ýagşy öz möwsüminde ýagdyraryn, ol ýagyşlar bereket ýagyşlary bolar.


Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».


Hasyl ýygnamaga üç aý galanda, sizden ýagmyry gysgandym, Men bir şähere ýagyş ýagdyryp, başga birine ýagdyrmadym. Bir ekin meýdany ygaldan gandyrdym, beýleki birini bolsa ygalsyz guratdym.


Ýaz möwsüminde Rebden ýagyş diläň. Gara bulutlar getirýän Reb olara güýçli çabgalar ýagdyrýar, her kesiň meýdanynda otlar bitirýär.


Efraýym halky batyrlar kimin bolar, şerap içen deý olaryň köňli hoş bolar. Muny ogullary görüp guwanarlar; olaryň göwünleri Rebde galkynar.


Ýahudany ýaý ýaly edip egerin, Efraýymy bolsa şol ýaýyň oky ederin. Eý, Sion, ogullaryňy greklere garşy galdyraryn! Seni elimde urşujynyň gylyjy dek oýnaryn.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler.


Ol siziň topragyňyza güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz.


Reb Özüniň baý hazynasy bolan asmany açyp, ýeriňize wagtynda ýagyş ýagdyrar we başyna baran her bir işiňizde bereket berer. Siz köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz hiç kimden karz almarsyňyz.


Taglymatym ýagyş deý ýagsyn, sözlerim çyg deý düşsün. Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý, maýsalaryň üstüne inýän çabga deý!


Şunlukda, eý, doganlarym, goý, şatlygyňyzyň gözbaşy Reb bolsun! Size şindi ýazýanymy gaýta-gaýta ýazmak maňa kyn däl. Bu sizi goramak üçindir:


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ