Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».
Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.
Siz şatlyk bilen çykarsyňyz, parahatlyk bilen getirilersiňiz, daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar, bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar.
Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!
Siziň iýjegiňiz bolelin bolar, olardan gerk-gäbe doýarsyňyz; siziň üçin ajaýyp işleri eden Hudaýyňyz Rebbiň adyna alkyşlar aýdarsyňyz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz.
Dogulmazyňyzdan öňki geçen asyrlardan bäri, Hudaý tarapyn ýer ýüzünde adamzadyň ýaradylanyndan tä şu güne çenli geçen zamandan soraň. Gögüň bu ujundan ol ujuna çenli sorap çykyň, heý, şunuň ýaly beýik waka öň boldumyka? Ýa şunuň ýaly waka hakynda eşidipmidiňiz?