Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 2:19 - Mukaddes Kitap

19 Reb jogap berip, diýdi halkyna: «Ine, Men size iberýän: gallany, şeraby, zeýtun ýagyny. Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Реб җогап берип, дийди халкына: «Ине, Мен сизе иберйән: галланы, шерабы, зейтун ягыны. Доюп-ганып иерсиңиз олардан. Мундан бейләк миллетлер арасында Мен сизи этмерин инди масгара.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 2:19
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar gelip, Sionyň belent depesinde aýdym aýdarlar, Rebbiň beren bereketlerine: bugdaýa, şeraba, ýaga, owlak-guza we gölelere begenip, göwnühoş bolarlar. Olar suwarylan bag kimin bolarlar, asla solmazlar.


Olar ýurtda gaýdyp açlykdan heläk bolmaz we milletleriň gyjalatyny çekmez. Şonda Men olar üçin bol däneli ekerançylyk meýdanyny ýetişdirerin.


Indi hiç haçan milletleriň gyjalatyny saňa eşitdirmerin; sen gaýdyp halklaryň kemsitmelerini çekmersiň we öz milletleriň büdremegine sebäp bolmarsyň». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Sizi ähli haramlygyňyzdan halas ederin. Men galla emr edip, ony köpelderin, size gaýdyp açlyk çekdirmerin.


Gaýdyp siz milletleriň arasynda açlyk ryswalygyny çekmeziňiz ýaly, agajyň miwesini we meýdanyň hasylyny köpelderin.


Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ol ýerde Men oňa üzüm bagyny bererin. Akor deresini Umyt geçelgesine öwrerin. Şonda ýaşlyk günlerinde bolşy ýaly, Müsür topragyndan çykanda bolşy kimin, aýdymlar aýdar.


Şol gün Men jogap bererin» Muny Reb aýdandyr. «Göklere-de jogap bererin. Olar hem ýere jogap bererler.


Ýer galla, täze şeraba we zeýtuna jogap bererler. Olar hem Ýizregele jogap bererler.


Meýdanlar boşady, toprak aglaýar, çünki weýran boldy onuň gallasy. Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.


Harmanlar dolar galladan, çelekler hem dolup-daşarlar täze şerap bilen zeýtun ýagyndan.


Ekinleriňiz şeýle bir köp hasyl getirer welin, döwegiňiz üzüm ýygymyna çenli dowam eder. Üzüm ýygymy galla ekişine çenli dowam eder, çöregiňizi doýup iýersiňiz, ýurduňyzda howpsuzlykda ýaşarsyňyz.


Tohum parahatlykda sepiler. Üzüm agajy miwe berer, toprak öz hasylyny eçiler, asman ýagmyryny ýagdyrar. Men bularyň hemmesini halkyň aman galan bölegine mülk hökmünde berjek.


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


Ol siziň topragyňyza güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz.


Nagomy öz gelinleri bilen Mowap ýurdundan gitmäge taýýarlanýardylar, sebäbi ol entek Mowap topragyndaka, Rebbiň Öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşidipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ