Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.
Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».
Bilşiňiz ýaly, biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygy hakda eşidensiňiz, iň soňunda onuň üçin Rebbiň nämeler edendigini-de bilýänsiňiz. Hawa, Reb merhemetli we rehim-şepagatlydyr.