Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 2:17 - Mukaddes Kitap

17 Girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda Rebbe hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Гирелге билен гурбанлык сыпасының арасында Реббе хызмат эдйән руханылар агласын. Дийсинлер: «Өз халкыңа рехим эйле, Реб, халклара гүлки болмазлык үчин, Сен этме масгара сайлан халкыңы. „Оларың Худайы ниреде?“ дийлип, миллетлер арасында айдылмагы герекми?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 2:17
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň öýüniň daşky otagynyň öňündäki eýwanynyň ini öýüň ini ýaly ýigrimi tirsekdi, uzynlygy öýüň öň tarapynda on tirsekdi.


Süleýman eýwanyň öňünde Rebbe guran gurbanlyk sypasynda Oňa ýakma gurbanlyklaryny hödürledi.


Ine, biz şu güne çenli guldurys. Miwesini, nygmatyny iýsinler diýip ata-babalarymyza beren ýurduňda biz guldurys.


Howsala düşen wagtymda: «Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim.


Sen hakykatyňy, nuruňy iber, goý, olar ýol görkezsin maňa; goý, olar meni äkitsin, mukaddes dagyňa we ýaşalgaňa.


Şonda Hudaýyň gurbanlyk sypasyna, keýpiköklügim bolan Hudaýyma bararyn. Eý, Hudaý, meniň Hudaýym, men Saňa lirada öwgi nagmasyny aýdaryn.


Men bolsa elmydama beýan ederin, Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.


Sen onuň üçin taýýarladyň topragy, ol kök urup, doldurdy ýurdy.


Eý, Hudaý, Sen bizi dikelt, ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.


Ol: «Eý, Taňry, eger men Seniň öňüňde merhemet tapan bolsam, goý, onda Taňrym biziň bilen gitsin. Bu halk boýnuýogyn bolsa-da, biziň etmişimizi, günämizi bagyşla we bizi Öz mirasdaryň edip al» diýdi.


Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.


Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».


Ýöne olaryň arasynda ýaşaýan milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat getirmezlik üçin, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim. Men ol milletleriň gözüniň alnynda ysraýyl halkyny Müsürden çykarmak bilen, Özümi olara aýan etdim.


Onsoň meni Rebbiň öýüniň içki howlusyna getirdi. Ine, Rebbiň ybadathanasynyň girelgesinde eýwan bilen gurbanlyk sypasynyň aralygynda ýigrimi bäşe golaý adam bardy. Olaryň arka tarapynda Rebbiň ybadathanasy, özleri bolsa gündogara tarap bakyp durdular. Olar gündogara tarap bakyp, Güne sežde edýärdiler.


Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.


Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň! Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler, dat-perýat ediň! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.


Rebbiň öýünden kesildi indi galla hem-de içgi sadakalary. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar tutýarlar ýasy.


Çekirtgeler ýurduň ähli gögeren zadyny iýip gutaranda, men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, Öz halkyňy bagyşla! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!»


Onsoň men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, saklan! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!»


«Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol.


Indi bize merhemet eder ýaly, Hudaýa ýalbaryp bir görüň!? Şeýle gurbanlyklar hödürläniňizden soň, Ol siziň soraýan zadyňyzy edermikä? Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».


Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi.


Şeýlelikde, ýer ýüzünde bigünä dökülen her bir dogry adamyň ganyna siz jogapkärsiňiz. Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda siziň öldüren Berekýanyň ogly Zekarýanyň ganyna çenli siz jogapkärsiňiz.


Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler.


Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz.


Emma duşmanyň öjükmeginden çekindim, çünki duşman ýalňyş düşünmesin, ‘Bulary eden Reb däl eken, biziň elimiz rüstem eken’ diýmesin.


Eger kenganlar we beýleki halklar bu hakda eşitseler, olar biziň daşymyzy gabap alarlar hem-de biziň adymyzy ýer ýüzünden süpürip taşlarlar. Şonda Sen Öz beýik adyň üçin näme edip bilersiň?»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ