Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 2:16 - Mukaddes Kitap

16 Halky ýygnap, jemagaty tämizläň, ýaşululary hem çagalary, hatda emýän bäbekleri çagyryň. Goý, öýlenýän ýigit öz otagyndan, gelin-de öz tutusyndan çyksynlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Халкы йыгнап, җемагаты тәмизләң, яшулулары хем чагалары, хатда эмйән бәбеклери чагырың. Гой, өйленйән йигит өз отагындан, гелин-де өз тутусындан чыксынлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 2:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda erkekleriň bary öz ýaş çagajyklary, aýallary we ogullary bilen Rebbiň huzurynda durdular.


Hizkiýa olara: «Eý, lewiler, maňa gulak asyň! Iniňizi tämizläň we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öýüni mukaddes ediň! Bu mukaddes ýerden haram zatlary çykaryp zyňyň.


Halkyň arasynda inini tämizlemedik köp adam bardy. Şonuň üçinem lewiler tämiz bolmadyk her adam üçin Pesah janlysyny soýup, gurbanlygy Rebbe bagyş etdiler.


Pesah janlysyny soýuň; iniňizi tämizläp, Rebbiň Musanyň üsti bilen beren sözüni amal eder ýaly, doganlaryňyz üçin taýýarlyk görüň».


Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.


Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin, ähli maksatlaryňa seni ýetirsin.


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Musa halka: «Birigün taýýar boluň, aýalyňyza ýanaşmaň» diýdi.


Hatda Meniň ýakynyma geljek ruhanylar hem inlerini tämizlesinler, ýogsam Men olaryň-da jezasyny bererin» diýdi.


Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de Rebbe dat-perýat ediň.


Olar Isadan: «Bularyň näme diýýänini eşidýärsiňmi?» diýip soradylar. Isa olara: «Hawa, eýsem siz: „Çagalaryň, bäbekleriň dilinde alkyş senasyny ýaratdyň“ diýen sözleri asla okamadyňyzmy?» diýdi.


Isa olara: «Giýew ýanlaryndaka, heý-de, toýuň myhmanlary ýas tutarmy? Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler.


Diňe Hudaýa doga edýän wagtyňyz bolaýmasa, başga wagt biri-biriňizi är-aýallyk hukugyndan mahrum etmäň. Bu hem özara ylalaşyga görä diňe wagtlaýyn bolsun. Soňra gaýtadan birigiň. Ýogsa özüňize erk edip bilmeýänligiňizden peýdalanyp, şeýtan sizi azdyraýmasyn.


Ýeriňden tur-da, adamlara inlerini tämizlemegi buýur. Goý, olar ertire çenli inlerini tämizläp päklensinler. Sebäbi Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Eý, Ysraýyl, ýok edilmeli zatlar seniň öz içiňde. Şoňa görä-de sen tä öz içiňden olary aýryp taşlaýançaň, öz duşmanlaryňyň öňünde durup bilmersiň.


Tutuş Ysraýyl jemagatynyň, aýallaryň, çagalaryň we olaryň arasyndaky gelmişekleriň öňünde Ýeşuwa Musanyň ähli buýruklaryny ýeke söz hem galdyrman okady.


Şamuwel: «Eýgilik. Rebbe gurbanlyk bermek üçin geldim. Iniňizi tämizläň-de, meniň bilen gurbanlyga baryň» diýdi. Soňra ol Ýyşaý bilen onuň ogullaryny tämizläp, mukaddes etdi we olary gurbanlyga çagyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ