Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň». Ol merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý, Ol jeza bermekden el çekmäge taýýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эшиклериңизе дерек йүреклериңизи парчалаң, Худайыңыз Реббе доланып гелиң». Ол мерхеметли хем рехимли, гиң гөвүнли, садык сөйгә бай, Ол җеза бермекден эл чекмәге тайяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 2:13
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.


Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy.


Muny eşiden Dawut ýakasyny tutup, geýimlerini ýyrtdy, onuň ýanyndakylar hem şeýtdiler.


Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.


Patyşa Töwradyň sözlerini eşidip, ýakasyny ýyrtdy.


„Meniň bu ýurdy weýran edip, onuň ýaşaýjylaryny näletlemek baradaky sözlerimi eşideniňde, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Rebbiň huzurynda peseltdiň, ýakaňy ýyrtyp, öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men-Reb aýdýandyryn.


Ysraýyl patyşasy bu haty okap: «Jan alyp, jan berer ýaly men Hudaýmy? Näme üçin bu adam ýanyma adam ýollap, ony deri keselinden gutult diýýär? Ol meniň bilen dawalaşmaga bahana gözleýär» diýip, ýakasyny ýyrtyp gygyrdy.


Patyşa bu aýalyň aýdan zatlaryny eşidip, ýakasyny ýyrtdy. Patyşa galanyň diwarynyň üstünden geçip barýarka, halk onuň eşikleriniň astyndan jul geýendigini gördi.


şonda Sen gökde eşit-de, Öz gullaryň bolan ysraýyl halkynyň günäsini geçip, olara dogry ýoldan ýöremegi öwret. Öz halkyňa miras hökmünde beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr.


Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.


Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.


Olar daglardan aşyp, jülgelere – Seniň olar üçin bellän ýeriňe inýär.


Men uly ýygnakda Saňa şükür ederin, köp sanly halkyň arasynda Seni şöhratlandyraryn.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Meniň saýlan agyz beklemäm, ynsanyň özüni kiçeltmeli güni şeýle bolarmy? Gamyş kimin başyňyzy egip, juluň, külüň üstünde ýatmak üçinmi? Siz muňa agyz bekleme, Rebbe ýaramly gün diýýärsiňizmi?


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Belki, olar Hudaýyň huzurynda ýalbararlar we öz ýaman ýolundan dönerler. Çünki Rebbiň bu halkyň garşysyna aýdan sözi gahar-gazapdan doludyr».


Şekemden, Şilodan we Samariýadan segsen adam geldi. Olaryň sakgallary syrylgydy, eginbaşlary sal-saldy, bedenlerine ýara salnypdy, ellerinde bolsa Rebbiň öýüne getirmek üçin galla sadakasy bilen ýakymly ysly tütetgi bardy.


„Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin.


oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna tagma bas» diýdi.


Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.


Belki, Hudaý pikirini üýtgeder, gazabyndan saklanar; şeýdip, biz heläk bolmarys».


Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Reb giň göwünli we gudratlydyr, Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz. Rebbiň ýoly tupanly we gaýlydyr, bulutlar Onuň aýak tozudyr.


Sen: „Men-Reb – giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz.


Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ