Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Реб Өз лешгериниң өңүнде батлы сесленйәр. Ненеңси көп санлы Онуң лешгери! Онуң буйругына табын болянларың ёкдур хасабы. Догрудан-да, Реббиң гүни бейикдир, элхенчдир шүбхесиз – чыдаҗак бармы?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 2:11
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz bendäňi gora betpällik günälerinden, olar höküm sürmesin meniň üstümden; men aýypsyz bolaryn şonda, päk bolaryn güýçli bitabynlykdan.


Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.


Sen guluňdan Öz ýüzüňi gizleme, ejir çekýärin, tizräk jogap bersene!


Daglardaky gykylyga gulak goýuň, bu köp halklaryň sesine meňzeýär! Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň, patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň! Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.


Reb pälwan dek öňe gidýär, urşujy kimin gazabyny artdyrýar, gygyryp, söweş nagrasyny çekýär, duşmanlaryndan üstündigini görkezýär.


Şol gün Reb Müsür derýalarynyň aýaguçlaryndaky siňeklere, Aşur ýurdundaky arylara sygyrar.


Şonuň üçin hem olara garşy bu sözleriň baryny pygamberlik et-de, şeýle diý: „Reb ýokardan nagra çeker, mukaddes mekanyndan seslener, agylyna garşy güňleç arlar. Bütin dünýäniň ilatyna garşy üzüm sykýanlar kimin gygyrar.


Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».


Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer, emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer».


Seniň bilen iş salşan günlerimde ýüregiň berk, elleriň güýçli bolarmy? Muny Men-Reb aýtdym. Ony ýerine hem ýetirerin.


Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.


Sebäbi meniň topragyma ummasyz, güýçli bir leşger çozdy; arslanyňky ýaly onuň dişleri, ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri.


Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.


«Men üstüňize iberen ägirt leşgerimiň: ganat baglamadyk, ganat baglan, ýumurtgadan çykan we gemriji çekirtge sürüsiniň hasyly iýip gutaran ýyllarynyň öwezini dolaryn.


Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.


Höküm jülgesinde Birgiden mähelle, ägirt mähelle! Çünki Rebbiň güni höküm jülgesine golaýdyr.


Reb gümmürdeýär Siondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär. Emma Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.


Amos şeýle diýdi: «Reb Siondan nagra çekýär, Iýerusalimden sesini eşitdirýär. Çopanlaryň öri meýdanlary solýar, Karmel dagynyň başy guraýar».


Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler! Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz? Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr.


Rebbiň güni ýagtylyk däl-de, garaňkylyk dälmidir? Ol hiç bir yşyksyz tüm garaňkylyk dälmidir?


Çünki, Rebbiň ähli milletlere höküm etjek güni golaýlap gelýär. Eý, Edom, näme eden bolsaň, saňa-da şol bolar. Edeniň başyňa düşer.


Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.


Emma äht Wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki Ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir.


Bilgam ýene-de sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaý bulary amal edende, ýaşajak adamlaryň dat gününe!


Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler.


Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!


Çünki Olaryň gazabynyň güni ýetip geldi. Muňa döz geljek barmy?»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ