Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Rebbiň öýünden kesildi indi galla hem-de içgi sadakalary. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar tutýarlar ýasy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Реббиң өйүнден кесилди инди галла хем-де ичги садакалары. Реббе хызмат эдйән руханылар тутярлар ясы.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 1:9
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma biziň Hudaýymyz Rebdir. Biz Ony terk etmedik. Bizde Rebbiň hyzmatynda durýan ruhanylar bar.


Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler.


Size bolsa Rebbiň ruhanylary, Hudaýymyzyň hyzmatkärleri diýerler; siz milletleriň baýlygyndan lezzet alarsyňyz, olaryň şöhratyna şärik bolarsyňyz.


Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy».


Siona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar.


Ysraýyl halky içgi sadakasyny Rebbe bermez. Gurbanlyklaryndan Ol razy bolmaz. Onuň nany ýashana ýeriniň çöregi ýaly, ondan iýenler haram bolarlar. Çünki olaryň nany diňe garyn doýurmak üçindir. Ol Rebbiň öýüne getirilmez.


Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň! Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler, dat-perýat ediň! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.


Eýsem gözümiziň alnynda iýjegimiz, Hudaýymyzyň öýünden-de şatlykdyr bagtyýarlyk kesilmeýärmi?


Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän, eder rehimi, Özünden soň goýar berekedini, hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän galladyr içgi sadakalaryny?


Girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda Rebbe hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ