Siona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar.
Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».
Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň.