Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýowel 1:2 - Mukaddes Kitap

2 Eý, ýaşulular, diňläň siz muny, siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty: siziň günleriňizde ýa atalar döwründe, heý-de, bolupmydy şular ýaly zat?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Эй, яшулулар, диңләң сиз муны, сиз хем гулак гоюң, тутуш юрдуң илаты: сизиң гүнлериңизде я аталар дөврүнде, хей-де, болупмыды шулар ялы зат?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýowel 1:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Paýhas garrylarda, düşünje uzak ömürdedir.


Bizde çal saçly-da, gojalar-da bardyr, olaryň ýaşlary seň kakaňkydan-da uludyr.


Näme üçin pisler ýaşaýarlar, gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar?


Owalky nesillerden sora-da, olaryň ata-babalarynyň derňewine nazar sal.


Asafyň mezmury. Nagma. Hudaý, Beýik Hudaý gürleýär, gündogardan günbatara çenli ýer ýüzüni çagyrýar.


Eý, milletler, golaýrak geliň-de, eşidiň! Eý, halklar, diňläň! Ýer ýüzi we ondaky her kes, dünýädäkiler, onda döränleriň bary eşitsin!


Reb seniň, halkyňyň we ata-babalaryň nesilleriniň başlaryna Efraýymyň Ýahudadan bölünip aýrylan gününden bäri görülmedik günleri getirer; Aşur patyşasyny getirer».


Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».


Eý, gözli bolup görmeýän, gulakly bolup eşitmeýän nadan hem düşünjesiz halk, indi muňa gulak as:


«Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar.


«Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit, çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar. Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de, Hudaýy tanamaklyk-da ýok.


«Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.


Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de Rebbe dat-perýat ediň.


Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň:


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Eý, ysraýyl halky, sen hakdaky aýtjak bu agy sözüme gulak as.


Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden size garşy güwälik eder.


Men-Mika diýdim: «Gulak goý, eý, Ýakup nesliniň baştutanlary, Ysraýyl halkynyň hökümdarlary! Adalaty bilmeli siz dälmi näme?


Muňa gulak asyň, eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan Ýakup nesliniň baştutanlary! Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!


Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ