Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 9:9 - Mukaddes Kitap

9 Olar şeýle gürrüň berdiler: «Biziň ýurdumyz örän uzakda ýerleşýär, biz siziň Hudaýyňyz Rebbiň şöhratyny eşidip geldik. Biz Onuň Müsürde bitiren ähli işlerinden habarly.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Олар шейле гүррүң бердилер: «Бизиң юрдумыз өрән узакда ерлешйәр, биз сизиң Худайыңыз Реббиң шөхратыны эшидип гелдик. Биз Онуң Мүсүрде битирен әхли ишлеринден хабарлы.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 9:9
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Halkyň Ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse,


Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»


Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn, çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir, Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.


Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!


Ýa Taňry, goňşularymyzyň Seni ýaňsylan ýaňsylaryny ýedi esse edip olaryň başyndan inder.


Milletler eşidende sandyraşýarlar. Piliştlileriň ýüregi ýarylara gelýär.


Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün.


Ine, siz tanamaýan milletleriňizi çagyrýarsyňyz, sizi tanamadyk milletler-de, size gelerler. Bu Ysraýylyň Mukaddesi, Hudaýyňyz Reb sebäplidir, Ol sizi şöhratlandyrdy.


Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşyşa, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler.


Indem Sen, bu halkyň baryny birden gyrgyna berseň, onda Seniň şöhratyňy eşiden milletler:


Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: „Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr.


Köp adamlaryň içinden arwah-jynlar batly gygyryşyp çykýardylar, köp sanly ysmaz we oturalar şypa tapýardy.


Eger olar parahatçylygy kabul edip, size boýun bolsalar, onda ol ýerdäki ähli halk size mejbury hyzmat etsin.


Bu ýerdäki halklara degişli bolmadyk, sizden has uzakda ýerleşýän galalaryň hem hemmesini şeýle ediň.


Iordanyň gündogaryndaky iki amor hanyny – Heşbonyň Sihon hany bilen Aştarotda ýaşan Başanyň Og hanyny Onuň näme edendigini biz bilýäris.


Olar bilen ylalaşyk baglaşyp, üç gün geçenden soňra ysraýyllar olaryň goňşy bolup ýaşaýandyklaryny eşitdiler.


Ysraýyllar ýöriş edip, üç gün diýlende olaryň Gibgon, Kepira, Beýerot, Kirýatýegarym galalaryna gelip ýetdiler.


Olar Ýeşuwa: «Hudaýyňyz Rebbiň ähli ýurtlary siziň eliňize bermegi we olaryň ýaşaýjylaryny gyrmagy Öz guly Musa buýrandygyny bize aýtdylar. Siz sebäpli biz öz janymyzyň howp astyndadygyny bildik we şonuň üçin hem şeýle etdik.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ