Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 9:7 - Mukaddes Kitap

7 Ysraýyllar hiwilere: «Belki, siz bize golaý ýaşaýansyňyz. Eger şeýle bolsa, biz siziň bilen nähili ylalaşyk baglaşaly?» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Ысрайыллар хивилере: «Белки, сиз бизе голай яшаянсыңыз. Эгер шейле болса, биз сизиң билен нәхили ылалашык баглашалы?» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 9:7
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu ýurduň begi, hiwilerden bolan Hamoryň ogly Şekem Dinany görüp, ony tutdy, zorlap, namysyna degdi.


Ol ýerden Sur galasyna we hiwileriň hem-de kenganlaryň ähli galalaryna aýlandylar. Iň soňunda olar Ýahudanyň Negep çölündäki Beýerşeba galasyna gitdiler.


Eger siz oňa boýun bolup, Meniň ähli aýdanlarymy berjaý etseňiz, onda Men siziň duşmanlaryňyza duşman, ýagylaryňyza ýagy bolaryn.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Barýan ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmakdan ägä boluň, ýogsam ol äht sizi duzaga düşürer.


ýurduň ilatynyň hemmesini kowup çykarsynlar. Olaryň ähli daş we guýma butlaryny döwsünler, seždegählerini ýok etsinler.


Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek bu halklaryň galalarynda bolsa ýekeje-de janly-jandar diri galmaly däldir.


Gibgonda ýaşaýan hiwilerden başga, ýekeje gala-da ysraýyllar bilen ýaraşyk baglaşmady. Beýlekileriň hemmesini söweşip aldylar.


Ysraýyllaryň ýeňşi hakyndaky habar Iordanyň günbataryndaky ähli hanlara: het, amor, kengan, periz, hiwi, ýabus hanlaryna baryp ýetdi. Olar daglyklarda, günbatardaky baýyrlyklarda, şeýle hem Ortaýer deňziniň tutuş kenar ýakasyndan tä Liwana çenli aralykda ýaşaýan hanlardylar.


bu ýurduň ilaty bilen siziň äht edişmeli däldigiňizi, olaryň gurbanlyk sypalaryny ýykyp-ýumurmalydygyňyzy aýdypdym. Ýöne siz sözüme gulak asmadyňyz. Bu näme etdigiňiz boldy?


Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ