Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 9:4 - Mukaddes Kitap

4 olar onuň ýanyna aldaw ýoly bilen barmagy ýüreklerine düwdüler. Olaryň bir topary ýol şaýyny tutup, köne horjunlaryny we ýyrtyk-ýyrtyk, ýama-ýama şerap meşiklerini eşeklerine ýükläp ýola düşdüler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 олар онуң янына алдав ёлы билен бармагы йүреклерине дүвдүлер. Оларың бир топары ёл шайыны тутуп, көне хорҗунларыны ве йыртык-йыртык, яма-яма шерап мешиклерини эшеклерине йүкләп ёла дүшдүлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 9:4
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýakubyň ogullary öz uýalary Dinany biabraý eden Şekeme we onuň kakasyna mekirlik bilen jogap berdiler.


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Beýtse, meşikler ýarylyp, şerap döküler we meşikler hem zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr, şeýdip, ikisi hem abat saklanýandyr» diýip jogap berdi.


Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa şerap meşikleri böwsüp, döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr» diýip jogap berdi.


Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr.


Biziň çöreklerimize serediň, siziň ýanyňyza gaýdan günümiz öýde bulary düwenimizde, ýaňyja tamdyrdan çykandy. Häzir bolsa, siziň görşüňiz ýaly, bular gaty we heňli.


Ine, bular biziň şerap meşiklerimiz. Biz olary dolduranymyzda, olar täzejediler, häzir bolsa olaryň hemmesi jaýryk-jaýryk boldular. Biziň egin-eşigimize we çarygymyza serediň. Uzak ýol olary sandan çykardy».


Emma golaýda ýaşaýan Gibgonyň ilaty Ýeşuwanyň Ýeriho we Aý galalaryny näme edendigini eşidenlerinde,


Olaryň aýaklaryndaky çaryklary köne-sana ýamalydy, egin-eşikleri sal-saldy we ähli ýol çörekleri gaty-guty hem heňlidi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ