Soňra amorlaryň bäş sany hany: Iýerusalimiň hany, Hebronyň hany, Ýarmudyň hany, Lakyşyň hany we Eglonyň hany özleriniň ähli goşun toparlary bilen bilelikde bir ýere ýygnanyşdylar. Olar Gibgonyň daşyny gabap, olaryň üstüne çozdular.
Soňra siz Iordan derýasyndan geçip, Ýeriho geldiňiz. Ýerihonyň ýaşaýjylary hem edil hetler, amorlar, perizler, kenganlar, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar ýaly siziň garşyňyza çykdylar, emma Men olary hem siziň eliňize berdim.
Bular alamatlar görkezip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular Hökmürowan Hudaýyň beýik gününde boljak söweş üçin bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýarlar.