Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 9:17 - Mukaddes Kitap

17 Ysraýyllar ýöriş edip, üç gün diýlende olaryň Gibgon, Kepira, Beýerot, Kirýatýegarym galalaryna gelip ýetdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Ысрайыллар йөриш эдип, үч гүн дийленде оларың Гибгон, Кепира, Беерот, Кирятегарым галаларына гелип етдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 9:17
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şawulyň ogly Yşboşediň hyzmatynda Bagana hem Rekap atly iki dogan bardy. Olar garakçy toparlaryň serkerdeleridiler. Olar benýamin tiresinden beýerotly Rimmonyň ogullarydylar. (Beýerot Benýamin topragynyň bir bölegi hasap edilýärdi.


otuz serdaryň arasynda bir batyr ýigit we olaryň baştutany gibgonly Ýyşmagýa, Ýermeýa, Ýahazyýal, Ýohanan, gederaly Ýozabat,


Ine, şular Kalebiň nesilleridir. Kalebiň aýaly Efratdan nowbahar ogly Hur doguldy. Huruň üç ogly bolup, birinjisiniň ady Şobaldy, ol Kirýatýegarymy esaslandyrypdy.


Kirýatýegarymy esaslandyran Şobal harowalaryň we manahatlaryň ýarysynyň atasydy.


Şeýle hem Kirýatýegarymyň uruglary bolan ýytralaryň, putlaryň, şumatlaryň, mişralaryň-da atasydy. Sorga hem Eştawol şäherleriniň halky hem şu uruglardan gelip çykypdy.


Çünki Rebbiň Musa tarapyndan çölde gurlan çadyry hem-de ýakma gurbanlyk sypasy şol wagt Gibgondaky seždegähdedi.


Kirýatýegarymyň, Kepiranyň we Beýerodyň halky ýedi ýüz kyrk üç adam;


Kirýatýegarymyň, Kepiranyň we Beýerodyň ýaşaýjylary: ýedi ýüz kyrk üç adam;


Rebbiň adyndan pygamberlik eden ýene bir adam bardy, ol kirýatýegarymly Şemagýanyň ogly Uryýady. Ol hem edil Ýermeýa ýaly sözläp, bu şäher bilen ýurduň garşysyna pygamberlik etdi.


ol gaty gorkdy. Sebäbi Gibgon hem edil beýleki hanlaryň galalary ýaly bir uly galady. Ol Aý galasyndan hem uludy we onuň ähli adamlary edermen urşujylardy.


Kirýatbagal (bu Kirýatýegarym) we Raba – obalary bilen bile iki gala.


Daglaryň gerşinden araçäk Neptowa çeşmesiniň gözbaşyna tarap aýlanýar. Ol ýerden hem Epron daglygyndaky galalara tarap gelýär. Soňra ol Bagala (bu Kirýatýegarym) tarap aşak düşýär.


Soňra ol ýerden aýlanyp, daglaryň günbatar tarapyna öwrülýär, ýahudalara degişli bolan Kirýatbagala (öňki Kirýatýegarym) gelýär. Bu olaryň günbatar tarapynyň araçägidir.


Günorta araçäk Kirýatýegarymyň çetinden başlap, Neptowa çeşmesine çenli gelip ýetýär.


Olar bilen ylalaşyk baglaşyp, üç gün geçenden soňra ysraýyllar olaryň goňşy bolup ýaşaýandyklaryny eşitdiler.


Ysraýyllar olara hüjüm etmediler, sebäbi jemagat baştutanlary olara Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan kasam içipdiler. Soňra jemagat öz baştutanlaryna garşy nägilelik bilen hüňürdeşdi.


Emma golaýda ýaşaýan Gibgonyň ilaty Ýeşuwanyň Ýeriho we Aý galalaryny näme edendigini eşidenlerinde,


Olar şeýle gürrüň berdiler: «Biziň ýurdumyz örän uzakda ýerleşýär, biz siziň Hudaýyňyz Rebbiň şöhratyny eşidip geldik. Biz Onuň Müsürde bitiren ähli işlerinden habarly.


Olar baryp, Ýahudadaky Kirýatýegarymda düşelge gurdular. Şoňa görä ol ýer henize çenli Mahanadan diýlip atlandyrylýar, bu Kirýatýegarymyň günbatarydyr.


Soňra: «Piliştliler Rebbiň sandygyny yzyna iberipdirler. Geliň-de, ony alyp gidiň» diýen habar bilen olar Kirýatýegaryma çapar gönderdiler.


Şondan soň kirýatýegarymlylar gelip, Rebbiň sandygyny alyp gitdiler. Olar ony depäniň üstünde ýaşaýan Abynadabyň öýüne getirdiler we onuň ogly Elgazary Rebbiň sandygyna gözegçilik etmäge bagyş etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ