Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 9:11 - Mukaddes Kitap

11 Şonuň üçin ýaşulularymyz we ýurdumyzyň ähli adamlary bizi siziň ýanyňyza iberip: „Ýol harajady üçin gerek zatlaryňyzy alyň-da, ysraýyl halkyny garşylamaga gidiň. Olara duşanyňyzda, halkymyzyň olaryň gullarydygyny aýdyp, olardan biziň bilen ylalaşyk baglaşmagyny haýyş ediň“ diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шонуң үчин яшулуларымыз ве юрдумызың әхли адамлары бизи сизиң яныңыза иберип: „Ёл хараҗады үчин герек затларыңызы алың-да, ысрайыл халкыны гаршыламага гидиң. Олара душаныңызда, халкымызың оларың гулларыдыгыны айдып, олардан бизиң билен ылалашык баглашмагыны хайыш эдиң“ дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 9:11
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iki esse köp pul alyň, çuwalyňyzyň agzynda yzyna gaýtarylan öňki pullaryňyzy bolsa yzyna äkidiň. Belki, bir ýalňyşlyk bolandyr.


Şeýdip, köşgi dolandyryjy, şäher häkimi, ýaşulular we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänler Ýehuwa habar ýollap: «Biz seniň gullaryň, biz seniň diýeniň bilen bolarys. Biz hiç kimi patyşalyga bellemeris. Özüň nämäni makul bilseň, şony-da et» diýdiler.


Her welaýatda, her şäherde, patyşanyň tabşyrygynyň, permanynyň gowşan ähli ýerinde ýahudylar şatlanyp, begenip, toý-meýlis, baýram etdiler. Ýahudylardan gorkularyna ýurduň halklarynyň köpüsi ýahudylara goşuldylar.


Isa olara: «Ýol üçin hiç zat almaň: ýanyňyzda ne hasa, ne torba, ne çörek, ne pul, ne artykmaç eşik – hiç zat bolmasyn.


«Düşelgäniň içinden geçiň we ilata: „Ýol üçin azyk harajadyňyzy taýýarlaň, sebäbi siz ýene üç günden Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýerini eýelemäge gidersiňiz“ diýip tabşyryk beriň».


Iordanyň gündogaryndaky iki amor hanyny – Heşbonyň Sihon hany bilen Aştarotda ýaşan Başanyň Og hanyny Onuň näme edendigini biz bilýäris.


Biziň çöreklerimize serediň, siziň ýanyňyza gaýdan günümiz öýde bulary düwenimizde, ýaňyja tamdyrdan çykandy. Häzir bolsa, siziň görşüňiz ýaly, bular gaty we heňli.


Olar Ýeşuwa: «Biz siziň sadyk gullaryňyz» diýdiler. Ýeşuwa olardan: «Siz kim we nireden geldiňiz?» diýip sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ