Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 9:1 - Mukaddes Kitap

1 Ysraýyllaryň ýeňşi hakyndaky habar Iordanyň günbataryndaky ähli hanlara: het, amor, kengan, periz, hiwi, ýabus hanlaryna baryp ýetdi. Olar daglyklarda, günbatardaky baýyrlyklarda, şeýle hem Ortaýer deňziniň tutuş kenar ýakasyndan tä Liwana çenli aralykda ýaşaýan hanlardylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ысрайылларың еңши хакындакы хабар Иорданың гүнбатарындакы әхли ханлара: хет, амор, кенган, периз, хиви, ябус ханларына барып етди. Олар даглыкларда, гүнбатардакы байырлыкларда, шейле хем Ортаер деңзиниң тутуш кенар якасындан тә Ливана ченли аралыкда яшаян ханлардылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 9:1
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ýerden Sur galasyna we hiwileriň hem-de kenganlaryň ähli galalaryna aýlandylar. Iň soňunda olar Ýahudanyň Negep çölündäki Beýerşeba galasyna gitdiler.


Meniň perişdäm siziň öňüňizden gidip, sizi amorlaryň, hetleriň, perizleriň, kenganlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getirer we Men olary gyryp ýok ederin.


Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.


Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.


Meniň bu günki buýurýan buýruklarymy ýerine ýetir. Seret, Men siziň öňüňizden amorlary, kenganlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.


Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.


Ortaýer deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar.


Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere: Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli gidiň.


Maňa Iordanyň aňyrsyna geçip, gowy ýurdy, ýagny daglygy we Liwany görmäge rugsat et“.


Şeýle hem, muňa tutuş Araba düzlüginiň gündogaryndaky Araba deňzine çenli bolan ýer we Pisga dagynyň etekleri hem degişlidir.


«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.


Tä Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berýänçä we tä olar hem Hudaýyňyz Rebbiň özlerine berýän ýerini eýeleýänçäler, siz olara kömek ediň. Şondan soň siz Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň gündogaryndaky özüňize beren ýerine dolanyp gelip, oňa eýelik edersiňiz».


Günortadaky çölden başlap, demirgazykdaky Liwan daglaryna çenli, hetleriň tutuş ülkesi, gündogardaky beýik Ýewfrat derýasyndan günbatardaky Ortaýer deňzine çenli ýerler siziňki bolar.


Olar şeýle hem etdiler. Şol bäş hany: Iýerusalim, Hebron, Ýarmut, Lakyş we Eglon hanlaryny gowakdan çykaryp,


Segir bilen ýanaşyk Halak dagyndan tä Hermon dagynyň günortasynda Liwan jülgesindäki Bagalgat galasyna çenli ýerleri basyp aldy we ol ýerleriň ähli hanlaryny boýun egdirip, olary gylyçdan geçirip öldürdi.


Geballylaryň ýerleri, bütin gündogar Liwan, Hermon dagyna golaý ýerleşen Bagalgatdan tä Lebohamat girelgesine çenli bolan ýerler.


Ortaýer deňzi we onuň kenarlary günbatar araçägi emele getirýär. Ýahuda tiresiniň uruglarynyň ähli taraplaýyn araçägi, ine, şudur.


Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň.


Ine, manaşa tiresiniň ýarysyna Musanyň Başanda beren ýeri, emma Ýeşuwa beýleki ýarysyna Iordan derýasynyň demirgazyk tarapynda, öz doganlarynyň arasyndan berdi. Şeýlelikde, olara ak pata berip, öýlerine ugratdy.


Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim.


Soňra siz Iordan derýasyndan geçip, Ýeriho geldiňiz. Ýerihonyň ýaşaýjylary hem edil hetler, amorlar, perizler, kenganlar, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar ýaly siziň garşyňyza çykdylar, emma Men olary hem siziň eliňize berdim.


Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaýyňyz siziň öňüňizden şu halklary: kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary we ýabuslary kowup çykarjakdyr. Onuň şu etjek işlerinden siz diri Hudaýyň öz araňyzdadygyny bilersiňiz.


Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky gury ýerden geçdi.


Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.


Ysraýyllar hiwilere: «Belki, siz bize golaý ýaşaýansyňyz. Eger şeýle bolsa, biz siziň bilen nähili ylalaşyk baglaşaly?» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ