Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»
Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»
Ýeriho galasyna içaly bolup baranlary gizläp saklandygy üçin, Rahaby we onuň dogan-garyndaşlaryny Ýeşuwa diri galdyrdy. (Onuň nesilleri şu günki gün hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar.)
Sen Ýeriho galasy bilen onuň hanyny näme eden bolsaň, Aý galasy bilen onuň hanyny hem şonuň ýaly et. Ýöne ondan olja alan zatlaryňyzy we mal-garalaryňyzy öz araňyzda paýlaşyň. Duýdansyz çozmaga taýýar bolup, bir bölegiňiz galanyň ýeňsesinde bukuda oturyň».
Galany eýelän goşun duşmanyň öňünden çykyp, olary ysraýyllaryň ortalygynda galar ýaly edip, ähli tarapdan gabadylar-da, bir adamy hem diri galdyrman ýa-da gaçyrman, baryny gyrdylar.
Şeýlelikde, Ýeşuwa olary ugratdy. Olar bukuda oturmak üçin gitdiler. Olar Aý galasynyň günbatar tarapynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda ýerleşdiler, emma Ýeşuwa galan adamlar bilen gijäni düşelgede geçirdi.
Debora Abynogamyň ogly Baragyň yzyndan adam iberip, Kedeş galasynyň Naftaly diýen ýerine çagyrtdy we oňa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle buýruk berdi: „Bar, naftalylardan we zebulunlardan on müň adamy ýanyňa al-da, olar bilen Tabor dagyna çyk.