Patyşa gije turup, hyzmatkärlerine şeýle diýdi: «Siriýalylaryň bize näme etjek bolýandyklaryny men size aýdyp bereýin. Olar biziň açlykdan ýaňa ölüp barýanymyzy bilip, çölde gizlenmek üçin düşelgäni taşlap giden bolmalydyrlar. Siriýalylar: „Ysraýyllar şäherden çykanlarynda, biz olary diri tutarys-da, şähere gireris“ diýen pikirdedirler».