Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 8:33 - Mukaddes Kitap

33 Ähli ysraýyllar, onuň ýaşululary, ýolbaşçylary, kazylary we olaryň arasyndaky gelmişekler Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylarynyň garşysynda, olaryň hem aňry gapdalyndan, hem bäri gapdalyndan iki topar bolup durdular. Rebbiň guly Musanyň: «Hudaýyň ak patasyny almaly pursadyňyz gelende, şeýle duruň» diýip buýruşy ýaly edip, olaryň ýarysy Gerizim dagynyň öňünde, beýleki ýarysy bolsa Eýbal dagynyň öňünde durdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Әхли ысрайыллар, онуң яшулулары, ёлбашчылары, казылары ве оларың арасындакы гелмишеклер Реббиң Әхт сандыгыны гөтерйән леви руханыларының гаршысында, оларың хем аңры гапдалындан, хем бәри гапдалындан ики топар болуп дурдулар. Реббиң гулы Мусаның: «Худайың ак патасыны алмалы пурсадыңыз геленде, шейле дуруң» дийип буйрушы ялы эдип, оларың ярысы Геризим дагының өңүнде, бейлеки ярысы болса Эйбал дагының өңүнде дурдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 8:33
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr».


Gelmişek üçin hem, ýerli adam üçin hem kanun birdir, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin“».


Eý, jemagat, siziň üçinem, araňyzda ýaşaýan gelmişekler üçinem düzgün birdir. Bu siziň geljekki nesilleriňize-de ebedilik düzgün bolsun. Rebbiň öňünde siz hem, gelmişek hem deňdir.


Size-de, araňyzda ýaşaýan gelmişeklere-de kada-kanunlar birmeňzeşdir».


Tötänlikde günä edip, araňyzda ýaşaýan asly ysraýyl bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir kanun bolsun.


Biziň ata-babalarymyz Hudaýa şu dagda sežde edipdirler, emma siz ýahudylar Hudaýa sežde edilýän ýer Iýerusalimdedir diýýärsiňiz» diýdi.


Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Gerizim dagynda alkyş aýdarsyňyz, Eýbal dagynda bolsa nälet okarsyňyz.


Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrensinler.


we Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewilere şeýle buýruk berdi:


Soňra Musa şu Kanuny ýazyp, ony Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryna we Ysraýylyň ähli ýaşulularyna berdi.


Ýeşuwa ähli ysraýyllary, olaryň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Indi meniň köpüm geçip, azym galdy.


Şeýlelikde, Ýeşuwa ähli ysraýyl tirelerini Şekeme ýygnady. Olaryň arasyndan Ysraýylyň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny çagyrdy. Olaryň özleri gelip, Hudaýyň huzurynda durdular.


Şeýlelikde, adamlar çadyrlaryny ýygnap, Iordan derýasyndan geçmek üçin ugradylar, Äht sandygyny göterýän ruhanylar olaryň öňlerine düşdüler.


halka şeýle buýruk berdiler: «Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryny gören badyňyza, öz düşelgäňiziň daşyna çykyp, olaryň yzyna düşüň.


Soňra Ýeşuwa ruhanylara Äht sandygyny eginlerine göterip, halkyň öňünden ýöremegi buýurdy. Olar aýdylyşy ýaly etdiler.


Ysraýyllara berjaý etmeli diýip, Rebbiň Ýeşuwa beren hemme buýruklary ýerine ýetýänçä, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasynyň ortasynda durdular. Bu Musanyň Ýeşuwa diýşi ýaly boldy. Ysraýyllar derýadan çaltlyk bilen geçdiler.


Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar suwdan çykyp, aýaklary gury ýere degen badyna, Iordanyň suwy ýene-de öz hanasyna öwrülip, öňküsi ýaly dolup-daşyp akyp başlady.


Soňra ol öz adamlaryna galanyň daşyndan aýlanyp başlamagy we öňdäki ýaragly goşuna Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöremekligi buýurdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ