Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 8:31 - Mukaddes Kitap

31 Rebbiň guly Musanyň ysraýyllara buýruşy we onuň Kanun kitabynda ýazylyşy ýaly, gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan guruldy. Onuň üstünde Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Реббиң гулы Мусаның ысрайыллара буйрушы ве онуң Канун китабында язылышы ялы, гурбанлык сыпасы демир дегмедик дашлардан гурулды. Онуң үстүнде Реббе якма хем-де саламатлык гурбанлыкларыны бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 8:31
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne Musanyň Töwratda berlen tabşyryklaryny berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren hyzmatkärleriň ogullaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin» diýip tabşyryk beripdi.


Baş ruhany Hilkiýa Şapan mürzä: «Men Rebbiň öýünden Töwrady tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby oňa berdi, ol hem bu kitaby okady.


Emma Musanyň Töwratda berlen tabşyryklary berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren nökerleriň çagalaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Ene-atalar çagalarynyň günäsi üçin öldürilmesin, çagalar-da ene-atalarynyň günäleri üçin öldürilmesin, her kim öz günäsi üçin öldürilsin» diýip tabşyryk beripdi.


Onsoň ýakma gurbanlyklary halkyň uruglaryna görä paýlamak üçin bir gapdalda goýdular, Musanyň kitabynda ýazylyşy ýaly, halk Rebbe ýakma gurbanlyklary hödürlediler Olar öküzler bilen-de şeýle etdiler.


Musanyň Kitabynda ýazylyşy ýaly, Iýerusalimde Hudaýa hyzmat etmekleri üçin olar ruhanylary we lewileri dürli toparlara böldüler.


Şol gün olar halka Musanyň kitabyny okap berdiler. Kitapdan: «Ammon ýa-da Mowap halky Hudaýyň halkyna asla goşulmaly däldir» diýen ýazgyny tapdylar.


Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi.


Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklary we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklary bermäge ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy.


Şeýtan şeýtany kowýan bolsa, onda içinde bölünişik bardyr, onsoň onuň patyşalygy nähili durar?


Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýurduna giren günüňiz, uly daşlary dikip, olara hek çalyň.


Bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne düşnükli edip ýazyň».


Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ