Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 8:29 - Mukaddes Kitap

29 Aý galasynyň hanyny bolsa tä agşam düşýänçä agaçdan asyp goýdy. Gün ýaşan badyna, Ýeşuwa onuň jesedini agaçdan düşürip, galanyň derwezesiniň girelgesiniň öňüne taşlamagy buýurdy. Onuň üstüne tümmek edip, daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Ай галасының ханыны болса тә агшам дүшйәнчә агачдан асып гойды. Гүн яшан бадына, Ешува онуң җеседини агачдан дүшүрип, галаның дервезесиниң гирелгесиниң өңүне ташламагы буюрды. Онуң үстүне түммек эдип, даш үйшүрдилер. Шол даш үйшмеги бизиң гүнлеримизе ченли сакланып галыпдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 8:29
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Abşalomyň jesedini alyp, tokaýdaky çuň garyma taşladylar we üstüne ullakan edip, daş üýşürdiler. Ysraýyllaryň ählisi dargaşyp, öýli-öýüne gaçyp gitdiler.


Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.


Ol Özünden gorkýanlara berýär rysgaly, eden ähti ýadyndadyr müdimi.


Şol gün Taýýarlyk günüdi, ertesi bolsa esasy gün – Sabat günüdi. Şol sebäpden Sabat güni jesetler haçda galmaz ýaly, ýahudylaryň baştutanlary Pilatdan haça çüýlenenleriň injiklerini döwüp, jesetleri aşak düşürtmegi haýyş etdiler.


Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi.


Reb bu galany hem onuň hany bilen bile ysraýyllaryň eline berdi, olar onuň ähli ilatyny gyrgyna berdiler, ol ýerde ýekeje-de janly zat galdyrmadylar. Ýerihonyň hanyny näme eden bolsalar, onuň hanyny hem şeýle etdiler.


Şol wagt Lakyşa kömek etmek üçin, Gezeriň hany Horam geldi. Ýeşuwa ony hem ähli adamlary bilen birlikde ýekejesini-de diri galdyrman gyrdy.


Ine, Ýeşuwa we ysraýyllar şu galalaryň hanlaryny: Ýerihonyň, Beýteliň golaýyndaky Aýyň,


Akanyň üstünde uly daş üýşmegi emele geldi. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Diňe şondan soňra Rebbiň gahar-gazaby köşeşdi. Şonuň üçin ol ýer şu günler hem Akor jülgesi diýlip atlandyrylýar.


Diňe Aý galasynyň hanyny diri tutup, ony Ýeşuwanyň ýanyna getirdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ