Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 8:28 - Mukaddes Kitap

28 Şeýlelikde, Ýeşuwa Aý galasyny oda ýakdy we ony tä şu günlere çenli ömürlik harabaçylyga öwürdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Шейлеликде, Ешува Ай галасыны ода якды ве оны тә шу гүнлере ченли өмүрлик харабачылыга өвүрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 8:28
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

„Eşitmediňmi näme sen ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwdüm, indi şu gün ony amala aşyrýaryn, sen galalary weýran edersiň, harabaçylyga öwrersiň.


Damask baradaky pygamberlik: Ine, Damask indi şäher saýylmaz, ol harabaçylyga öwrüler.


Sen şäheri daş üýşmegine, diwarly şäheri harabalyga öwürdiň; kesekileriň köşkleri bolan şäherleri ýok etdiň, olar bina edilmez asla.


Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr.


Babyla her tarapdan hüjüm ediň, onuň ammarlaryny açyp, ony galla üýşmekleri kimin üýşüriň, ony bütinleý ýok ediň; ondan hiç zat galmasyn.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Şonuň üçin hem siz sebäpli Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar.


Ondan alnan ähli oljany meýdançada bir ýere ýygnaň. Soňra galany we ondan alnan ähli oljany Hudaýyňyz Rebbe başbitin ýakma gurbanlygy hökmünde oda ýakyň. Ol ýer hemişelik harabaçylyga öwrülsin, hiç haçan täzeden gurulmasyn.


Rebbe aýry goýlandygy üçin ýakylmaly zatlaryň hiç biri eliňde bolmasyn. Şonda Reb gahar-gazabyndan köşeşip, size rehimdarlyk eder. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň nazarynda dogry işleri etseňiz we Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, onda Ol ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, Özüniň rehimdarlygy bilen sizi köpeltjekdir.


Ýeşuwa hem başga on iki sany daşy Iordan derýasynyň ortasynda, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň duran ýerinde goýdy. (Ol daşlar biziň günlerimizde hem şol ýerde dur.)


Aý galasynyň hanyny bolsa tä agşam düşýänçä agaçdan asyp goýdy. Gün ýaşan badyna, Ýeşuwa onuň jesedini agaçdan düşürip, galanyň derwezesiniň girelgesiniň öňüne taşlamagy buýurdy. Onuň üstüne tümmek edip, daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ