Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 8:2 - Mukaddes Kitap

2 Sen Ýeriho galasy bilen onuň hanyny näme eden bolsaň, Aý galasy bilen onuň hanyny hem şonuň ýaly et. Ýöne ondan olja alan zatlaryňyzy we mal-garalaryňyzy öz araňyzda paýlaşyň. Duýdansyz çozmaga taýýar bolup, bir bölegiňiz galanyň ýeňsesinde bukuda oturyň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Сен Ерихо галасы билен онуң ханыны нәме эден болсаң, Ай галасы билен онуң ханыны хем шонуң ялы эт. Йөне ондан олҗа алан затларыңызы ве мал-гараларыңызы өз араңызда пайлашың. Дуйдансыз чозмага тайяр болуп, бир бөлегиңиз галаның еңсесинде букуда отурың».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 8:2
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgam Ýahuda goşunyň ýeňse tarapyndan bukuda ýatmak üçin goşun iberipdi. Şeýdip, onuň goşuny Ýahudanyň öň tarapynda, bukuda ýatan goşuny bolsa Ýahudanyň ýeňse tarapyndady.


Olar aýdym aýdyp, alkyşlamaga başlan batlaryna, Reb Ýahudanyň garşysyna gelen ammonlylara, mowaplylara we Segir dagynyň ilatyna garşy duzak gurdy, olary dowla saldy.


Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.


Ýagşy adam agtyk-çowluklaryna-da miras galdyrýar, ýöne günä edýänleriň baýlygy dogrulara galýar.


Sadyk adamyň ýalkawy köp bolar, baýlygyň yzynda hars urýan bolsa jezasyz galmaz.


Haram baýlyk toplan öz guzlamadyk ýumurtgalarynyň üstünde oturan käkilik kimindir. Ömri ýarpy bolanda, ol baýlyk elden gider, ömrüniň ahyrynda bolsa ol akmak bolup çykar.


Babyl galasyna garşy tugy galdyryň; gözegçiligi güýçlendiriň, sakçylar goýuň, bukulary taýynlaň; çünki Reb Babyl ilatyna garşy niýetlänini we aýdanyny ýerine ýetirdi.


Diňe mal-garalary, şeýle hem basyp alan galalarymyzyň baýlyklaryny olja edip aldyk.


Aýallaryny, çagalaryny, mal-garalaryny, galada bar bolan ähli zady özüňize olja edip alyň. Hudaýyňyz Rebbiň duşmanyňyzdan alyp beren oljasyny hözirini görüň.


Reb maňa: „Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et“ diýdi.


Iýerusalimiň hany Adonysedek Ýeşuwanyň Aý galasyny basyp alyp, ony bütinleý ýok edendigini, onuň hanyny hem edil Ýerihony we onuň hanyny ýok edişi ýaly, gylyçdan geçirendigini eşitdi. Gibgonyň ýaşaýjylarynyň bolsa Ysraýyl bilen ýaraşyk baglaşyp, olaryň arasynda ýaşaýandyklaryny eşidende,


Şol günüň özünde Ýeşuwa Makedany basyp aldy. Onuň ilatyny we hanyny gylyçdan geçirdi. Ol ýerde ýekeje-de diri adam goýman, hemmesini bütinleý ýok etdi. Ýeşuwa Makedanyň hanyny hem edil Ýerihonyň hanyny näme eden bolsa şonuň ýaly etdi.


Galadaky olja alnan ähli zatlary we mal-garalary özlerine aldylar. Ilatyny bolsa iň soňkusyna çenli gylyçdan geçirip gyrdylar, ýekejesini hem diri galdyrmadylar.


Soňra Ýeşuwa Ýeriho galasyna we onuň daş-töweregine içalylyk etmäge giden iki ýaş ýigide: «Rahabyň öýüne baryň we oňa, onuň öýündäkilerine söz berşiňiz ýaly, olary daşaryk alyp çykyň» diýdi.


Soňra Ýeşuwa bäş müňe golaý adamy galanyň günbatarynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda bukuda oturtdy.


Bu zatlary görende Aý galasynyň hany we onuň ähli adamlary çalt hereket etdiler. Galanyň hany erkek adamlary bilen bile irden turup, şol wagtyň özünde Araba düzlüginiň öňüne, ysraýyllar bilen söweşmäge öňki ýere çykdy. Emma özi üçin galanyň ýeňsesinde duzak gurlandygyndan Aýyň hanynyň habary ýokdy.


Ol elini uzadan badyna, bukuda oturanlar çalasynlyk bilen oturan ýerlerinden çykyp, gala tarap okduryldylar. Olar galany eýeläp, derrew ony oda berdiler.


Ysraýyllar Aý galasynyň ähli ilatyny olaryň özlerini kowalap elten ýerinde gyrdylar. Olaryň iň soňkusy öldürilenden soň, ähli ysraýyllar Aý galasyna tarap öwrüldiler we ol ýerdäkileri gylyç bilen weýran etdiler.


Ýeşuwa we ähli goşun Aý galasyna gitmek üçin ýerlerinden turdular, Ýeşuwa olaryň arasyndan otuz müň sany edermen urşujyny saýlap alyp, olary gije ugratdy.


siz bukudan çykyp, galany eýeläň. Çünki Hudaýyňyz Reb bu galany siziň eliňize berjekdir.


Galany eýeläniňizde, Rebbiň buýruşy ýaly, ony otlaň. Hut meniň tabşyryşym ýaly ediň!»


Şeýlelikde, Ýeşuwa olary ugratdy. Olar bukuda oturmak üçin gitdiler. Olar Aý galasynyň günbatar tarapynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda ýerleşdiler, emma Ýeşuwa galan adamlar bilen gijäni düşelgede geçirdi.


Emma golaýda ýaşaýan Gibgonyň ilaty Ýeşuwanyň Ýeriho we Aý galalaryny näme edendigini eşidenlerinde,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ