Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 8:14 - Mukaddes Kitap

14 Bu zatlary görende Aý galasynyň hany we onuň ähli adamlary çalt hereket etdiler. Galanyň hany erkek adamlary bilen bile irden turup, şol wagtyň özünde Araba düzlüginiň öňüne, ysraýyllar bilen söweşmäge öňki ýere çykdy. Emma özi üçin galanyň ýeňsesinde duzak gurlandygyndan Aýyň hanynyň habary ýokdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Бу затлары гөренде Ай галасының ханы ве онуң әхли адамлары чалт херекет этдилер. Галаның ханы эркек адамлары билен биле ирден туруп, шол вагтың өзүнде Араба дүзлүгиниң өңүне, ысрайыллар билен сөвешмәге өңки ере чыкды. Эмма өзи үчин галаның еңсесинде дузак гурландыгындан Айың ханының хабары ёкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 8:14
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ynsan haçan hasrat geljekdigini bilýän däldir. Zalym tora düşen balyklar kimin, duzaga düşen guşlar kimin ynsanlar hem üstüne betbagtlyk duýdansyz inende, tora düşýärler.


Zogan şäheriniň hökümdarlary akmakdyr! Faraonyň paýhasly maslahatçylary pähimsiz maslahat berýärler, siz faraona nädip: «Men akyldarlaryň ogludyryn, gadymy şalaryň neslidirin» diýip bilýärsiňiz?


Zoganyň hökümdarlary akmaklyk etdiler! Memfisiň baştutanlary aldandylar, tire baştutanlary Müsüri azaşdyrdylar.


Bellenen möhlet dolanda, men Nebukadnesar gözlerimi göge dikdim we akylyma geldim. Men Beýik Hudaýa alkyş aýtdym. Baky Ýaşaýany şöhratlandyrdym, hormatladym. Onuň hökümdarlygy ebedi hökümdarlykdyr. Patyşalygy nesilden-nesle dowam eder.


Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.


emma ol hyzmatkäriň hojaýyny onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda geler.


Ine, bu sözler Musanyň Iordan derýasynyň gündogarynda – çöllükde ýaşaýan tutuş ysraýyl halkyna aýdan sözleri. Olar Supuň garşysyndaky Araba düzlüginde, Paran galasy bilen Topel, Laban, Haserot we Dizahap galalarynyň aralygynda ýaşaýardylar.


Goşunyň agramly bölegi galanyň demirgazygynda, galan bölegi günbatarynda ýerleşdi. Ýeşuwa bolsa şol gijäni jülgede geçirdi.


Ýeşuwa we ähli ysraýyllar, hamala, olardan ýeňilýän ýaly bolup, çöle tarap gaçdylar.


Olaryň yzyndan kowmak üçin galadaky ähli erkek adamlar çagyryldy. Olaryň hemmesi birigip, Ýeşuwanyň we onuň goşunynyň yzyndan kowalap, galadan daşlaşdylar.


Men ýanymdaky ýoldaşlarym bilen gala golaý bararys. Şol wagt Aýyň ýaşaýjylary edil öňki gezekki ýaly biziň garşymyza çykyp ugrarlar welin, biz olardan gaçyp başlarys.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Bukudakylar Gibga tarap topuldylar-da, galadakylaryň ählisini gylyçdan geçirdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ