Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 8:1 - Mukaddes Kitap

1 Soňra Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Hiç zatdan gorkma we dowla düşme. Öz urşujylaryňyň ählisini al-da, göni Aý galasyna ýöriş et. Görýäňmi, Men Aý galasyny, onuň hanyny, adamlaryny we ýerini seniň eliňe berjekdirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Соңра Реб Ешува шейле дийди: «Хич затдан горкма ве довла дүшме. Өз уршуҗыларыңың әхлисини ал-да, гөни Ай галасына йөриш эт. Гөрйәңми, Мен Ай галасыны, онуң ханыны, адамларыны ве ерини сениң элиңе берҗекдирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 8:1
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, Seni çagyrýaryn; eşitmezlige salma, eý, meniň Gaýam, dymma, gabra inýänlere meňzemäýin men.


Ynsan ogullarynyň içinde iň görmegeýi sen, merhemet saçylýar seniň diliňden; şoňa görä Hudaý seni baky ýalkady.


Elbetde, Hudaý Halasgärimdir, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün edilen ýurdundan gutararyn. Ýakup yzyna dolanyp, dynç hem asuda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz.


Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler.


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


Bularyň hemmesi Nebukadnesar patyşanyň başyna geldi.


Isa olara: «Nämä gorkýarsyňyz, eý, imany azlar?!» diýdi. Soňra Ol ýerinden turup, ýele we köle käýedi welin, ol ýere doly ümsümlik aralaşdy.


Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy size berdi. Gidiň-de, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, ony mülk ediniň. Gorkmaň, dowla düşmäň“.


Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!»


olardan gorkmaň. Diňe Hudaýyňyz Rebbiň faraony we tutuş Müsür halkyny näme edendigini hökman ýadyňyza salyň.


Olardan gorkmaň, çünki siziň araňyzdaky Hudaýyňyz Reb beýik we haýbatly Hudaýdyr.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


Şeýlelikde, Ýeşuwa özüniň ähli goşuny, edermen urşujylary bilen bile Gilgaldan çykyp ugrady.


Reb oňa: «Gorkma, ol hanlaryň ählisini Men seniň eliňe berdim. Olaryň hiç biri seniň öňüňde durup bilmez» diýdi.


Olar Ýeşuwa: «Dogrudan-da, Reb tutuş ýurdy biziň elimize beripdir. Ol ýerde ýaşaýan ähli halk biz sebäpli dowla düşýär» diýdiler.


Ähli urşujylaryň bilen alty günüň dowamynda, günde bir gezek galanyň daşyndan aýlan.


Eger kenganlar we beýleki halklar bu hakda eşitseler, olar biziň daşymyzy gabap alarlar hem-de biziň adymyzy ýer ýüzünden süpürip taşlarlar. Şonda Sen Öz beýik adyň üçin näme edip bilersiň?»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ