Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 7:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ешува ве Ысрайылың яшулулары якаларыны йыртып, өзлерини йүзинлигине ере оклап, башларындан гум совруп, Реббиң Әхт сандыгының өңүнде тә агшама ченли яс тутуп ятдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 7:6
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.


Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy.


Muny eşiden Dawut ýakasyny tutup, geýimlerini ýyrtdy, onuň ýanyndakylar hem şeýtdiler.


Olar gylyçdan geçirilen Şawul üçin, onuň ogly Ýonatan üçin, Rebbiň goşuny we ysraýyl halky üçin agşama çenli agyz bekläp, ýas tutup aglaşdylar.


Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi.


Dawut çaga üçin Hudaýa ýalbardy, agyz bekledi, otagyna girip, bütin gijeler ýanyny ýere berip ýatdy.


Tamar başyndan kül sowrup, egnindäki köýneginiň ýakasyny ýyrtdy. Elleri bilen başyny tutup, ýolboýy möňňürip aglap gitdi.


Patyşa turup, ýakasyny ýyrtyp, ýer bagyrtlady. Onuň ýanyndaky adamlary-da ýakalaryny ýyrtdylar.


Patyşa Töwradyň sözlerini eşidip, ýakasyny ýyrtdy.


Patyşa Töwradyň sözlerini eşidende, ýakasyny ýyrtdy.


Ezra Hudaýyň öýüniň öňünde ýüzüni ýere berip aglap, dileg etdi we günälerini boýun aldy. Ysraýyllardan uly mähelle: erkekler, aýallar we çagalar onuň daşyna üýşdüler. Olar hem zar-zar aglaşdylar.


Ýedinji aýyň ýigrimi dördüne ysraýyl halky agyz beklemäge ýygnanyşdy. Olar jul geýnip, başlaryndan gum sowrupdy.


Mordekaý bolup geçen ähli zatlar hakynda eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, başyndan kül sowurdy we şäheriň ortasyna çykyp, dady-perýat etdi.


Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudylar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar.


Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi.


Olar Eýýuby uzakdan görüp, ony tanamadylar. Onuň dostlary ses edip aglaşdylar, ýakalaryny ýyrtyp, başlaryndan kül sowurdylar.


Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».


Sion gyzynyň ýaşululary ýerde çök düşüp otyrlar ümsüm. Jul geýindiler, başlaryndan sowurdylar gum. Başlaryny aşak egdiler, Iýerusalimiň ýaş gyzlary hem.


Ýurdy synlamaga gidenleriň arasynda bolan Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep gynançdan ýaňa ýakalaryny ýyrtyp,


Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.


«Bu jemagatyň arasyndan gyra çykyň, Men bulary bir demde ýok edeýin». Olar ýüzin ýykyldylar.


Emma resullar Barnap bilen Pawlus muny eşidip, ýakalaryny ýyrtyp, halkyň ortasyna kürsäp girdiler. Olar batly ses bilen:


Ýeşuwa şeýle diýdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen näme üçin bu halky Iordandan bärik getirdiň? Ýa-da bizi amorlaryň elinde gyrdyrmak üçin getirdiňmi? Biz Iordandan geçmän, öňki ýerimizde galyp ýaşaberen bolsak bolmaýarmydy näme?!


Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“


Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň! Indi sen hem meni ynjalykdan gaçyrdyň! Çünki men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi.


Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.


Ysraýyllar Beýtele gelip, Hudaýyň huzurynda agşama çenli gaty ses edip, zar-zar aglaşdylar.


Benýaminlerden biri gaçyp, söweş meýdanyndan çykdy we şol günüň özünde Şilo geldi. Ol ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowrupdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ