Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 7:26 - Mukaddes Kitap

26 Akanyň üstünde uly daş üýşmegi emele geldi. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Diňe şondan soňra Rebbiň gahar-gazaby köşeşdi. Şonuň üçin ol ýer şu günler hem Akor jülgesi diýlip atlandyrylýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Аканың үстүнде улы даш үйшмеги эмеле гелди. Ол бизиң гүнлеримизе ченли сакланып галыпдыр. Диңе шондан соңра Реббиң гахар-газабы көшешди. Шонуң үчин ол ер шу гүнлер хем Акор җүлгеси дийлип атландырыляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 7:26
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Abşalomyň jesedini alyp, tokaýdaky çuň garyma taşladylar we üstüne ullakan edip, daş üýşürdiler. Ysraýyllaryň ählisi dargaşyp, öýli-öýüne gaçyp gitdiler.


Dawudyň adamlary Şawul bilen Ýonatanyň süňklerini Benýamin topragynda – Selada, Şawulyň kakasy Kişiň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Olar patyşanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Şondan soň Hudaý ýurt üçin edilýän dilegleri kabul etdi.


Indi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň güýçli gazaby bizden sowlar ýaly, men Onuň bilen äht edişmegi ýüregime düwdüm.


Goý, biziň baştutanlarymyz bütin mähelläniň adyndan işe girişsin. Bu iş zerarly Hudaýymyzyň gahar-gazaby biziň üstümizden sowulýança, galalarymyzda başga milletlerden aýal alanlaryň bary öz galalarynyň ýaşululary we kazylary bilen bile bellenen wagtda gelsinler».


Sen şatlandyr Öz bendäňiň kalbyny, çünki Saňa, eý, Taňry, tabşyrýaryn janymy.


Näme üçin müsürliler: „Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen alyp gaýdypdyr“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme.


Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.


Meni agtaran halkym üçin Şaron sürülere öri, Akor jülgesi sygyrlara ýatak bolar».


Ol ýerde Men oňa üzüm bagyny bererin. Akor deresini Umyt geçelgesine öwrerin. Şonda ýaşlyk günlerinde bolşy ýaly, Müsür topragyndan çykanda bolşy kimin, aýdymlar aýdar.


«Dilinden Bagal butlaryň atlaryny aýraryn, olaryň atlaryny gaýdyp tutmazlar.


Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň». Ol merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý, Ol jeza bermekden el çekmäge taýýar.


Reb şonda gabandy Öz topragyny hem-de Öz halkyna indi rehimi.


Soňra olar Ýunusy göterdiler-de, deňziň düýbüne goýberdiler. Deňiz dessine köşeşdi.


Soňra ol meni çagyryp: «Seret, demirgazyk ýurda giden atlar ol ýerde Meniň gaharymy köşeşdirdiler» diýdi.


Ol ysraýyllynyň yzyndan çadyra girip, naýzany birbada olaryň ikisiniň hem – ysraýyllynyň hem, midýanly aýalyň hem garnyndan sokdy. Şol bada ysraýyl halkynyň arasyna iberilen gyrgynçylyk togtadyldy.


Rebbe aýry goýlandygy üçin ýakylmaly zatlaryň hiç biri eliňde bolmasyn. Şonda Reb gahar-gazabyndan köşeşip, size rehimdarlyk eder. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň nazarynda dogry işleri etseňiz we Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, onda Ol ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, Özüniň rehimdarlygy bilen sizi köpeltjekdir.


Gün batanda, Ýeşuwanyň buýrugy boýunça olary alyp, öňki gizlenen gowagyna taşladylar we ullakan daşlar bilen gowagyň agzyny ýapdylar. Olar häzire çenli hem şol ýerde saklanyp galypdyrlar.


Ýeşuwa we ähli ysraýyllar Zeranyň çowlugy Akany we onuň ogurlan kümşüni, donuny, altyn bölegini, onuň ogul-gyzlaryny we ähli emlägini: öküzlerini, eşeklerini, goýunlaryny, çadyryny onuň özi bilen bile Akor jülgesine alyp geldiler.


Aý galasynyň hanyny bolsa tä agşam düşýänçä agaçdan asyp goýdy. Gün ýaşan badyna, Ýeşuwa onuň jesedini agaçdan düşürip, galanyň derwezesiniň girelgesiniň öňüne taşlamagy buýurdy. Onuň üstüne tümmek edip, daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ