Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 7:25 - Mukaddes Kitap

25 Ýeşuwa Akana: «Biziň başymyza nähili bela getiren bolsaň, indi Reb şol bela-beteri seniň öz başyňdan inderer» diýdi. Soňra ähli ysraýyllar ony maşgalasy bilen bile daşlap öldürdiler we olary oda ýakdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Ешува Акана: «Бизиң башымыза нәхили бела гетирен болсаң, инди Реб шол бела-бетери сениң өз башыңдан индерер» дийди. Соңра әхли ысрайыллар оны машгаласы билен биле дашлап өлдүрдилер ве олары ода якдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 7:25
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup Şimgon bilen Lewä: «Siz bu ýurduň ilaty bolan kenganlardyr perizleri maňa duşman edip, başymy bela sokduňyz. Biz azlyk edýändiris. Olar bize garşy baş göterip, meni bütin hojalygym bilen bilelikde gyrgyna bererler» diýdi.


Üç aýa golaý wagt geçenden soň, oňa: «Gelniň Tamar loluçylyga ýüz urup, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Ýahuda: «Ony daşary çykaryň-da, ýakyň» diýdi.


Karmynyň ogly: Akar. Ol Rebbe bagyş edilen zady alyp, günä etdi we Ysraýylyň başyna bela getirdi.


Olaryň takdyry şeýle bolar, zuluma gyzygyp toplan baýlygy öz janyny alar.


Nebsine çapýan öýüne alada getirýär, parany ýigrenýän bolsa uzak ýaşaýar.


Eger bir erkek bir aýala hem-de onuň ejesine-de öýlense, bu azgynlykdyr. Araňyzda azgynlyk bolmaz ýaly, ol adam aýaly we onuň ejesi bilen bile oda ýakylsyn.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden kimdir biri öz perzentlerinden birini, Molek buta bagyş etse, ol adam öldürilsin. Ýurduň halky ony daşlap öldürsin.


Eger ruhanynyň gyzy loluçylyga baş urup, özüni biabraý etse, ol atasynyň adyna hem ysnat getirýär. Beýle gyz oda ýakylsyn.


«Hudaýa dil ýetireni düşelgäniň daşyna çykar, ony eşidenleriň bary ellerini onuň kellesine goýsunlar we bütin halk ony daşlasyn.


Sizi bulaşdyrýan adamlar, goý, öz-özlerini düýbünden agta edäýsin!


Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebden ýüz öwürtmäge synanyşandyklary üçin, olary daşlap öldüriň.


Soňra ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar we gaýdyp munuň ýaly pislik etmezler.


onda siz günä eden erkegi ýa-da aýaly derwezäniň daşyna getirip, erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, ony daşlap öldüriň.


Soňra galanyň ähli erkekleri ony daşlap öldürsinler. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar.


Hudaý adalatlydyr. Ol size jebir çekdirýänlere jebir berer,


Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.


Altyn-kümüşden, misden we demirden ýasalan ähli gap-gaçlar Rebbe bagyş edilendir. Olar Rebbiň gaznasyna goýulmalydyr».


Ýok edilmeli zatlardan ogurlan adam görkezilip, tutuş maşgalasy, ähli emlägi özi bilen birlikde oda ýakylsyn, sebäbi ol Rebbiň ähtini bozdy we Ysraýylyň arasynda masgaraçylykly iş etdi“».


Ýonatan şeýle diýdi: «Kakamyň beýtmesi goşuna sütem etmek bolýar. Serediň, gözüm ýiteläýendir, sebäbi men şu baldan azajyk dadyp gördüm.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ