Olar biri-birilerine şeýle diýişdiler: «Biz öz doganymyzyň garşysyna eden günämiz üçin jeza çekýäris. Ol bize nähililer ýalbarypdy, emma biz onuň çekýän hasratyna pisint etmändik. Şol sebäpli-de indi biz hasrat çekýäris».
Onsoň Bilgam Rebbiň perişdesine: «Men günä etdim, Seniň garşymda ýolda duranyňy bilmändirin. Indi Sen eger meniň gitmegimi oňlamaýan bolsaň, men öýüme gaýdaýyn» diýdi.
Men olja alnan zatlaryň arasyndan owadan Şingar donuny, bäş gadak kümüş hem-de agramy bir ýarym gadak bolan altyn tokgasyny görenimde, gözüm gidip, olary ogurladym. Aşagyna kümüş goýup, men olary çadyrymyň içinde ýere gömdüm» diýip jogap berdi.
Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum.
Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.