Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 7:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýeşuwa Ýerihodan birnäçe adamy Aý galasyna içalylyk etmek üçin iberdi. Aý galasy Beýteliň gündogar tarapynda, Beýtaweniň ýanynda ýerleşýärdi. Iberilen adamlar Aý galasyna gitdiler we ol ýerleri gowy gözden geçirdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ешува Ериходан бирнәче адамы Ай галасына ичалылык этмек үчин иберди. Ай галасы Бейтелиң гүндогар тарапында, Бейтавениң янында ерлешйәрди. Иберилен адамлар Ай галасына гитдилер ве ол ерлери говы гөзден гечирдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 7:2
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Ol günbatardaky Beýtel we gündogardaky Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi.


Ýakup bu ýere «Beýtel» diýip at dakdy. Bu gala ozal Luz diýip atlandyrylýardy.


Ol altyn göläniň birini Beýtelde, beýlekisini hem Danda goýdy.


Benýamin ogullary, Gebada, Mikmaşda, Aýada, Beýtelde, golaýdaky obalarda,


Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr; sagdyn maslahatlar bilen urşa git.


Çünki sen urşuňy sagdyn maslahat bilen alyp barýarsyň, maslahatçynyň köp ýerinde ýeňiş bardyr.


Aýat şäherine gelýärler olar, Migrondan geçýärler, Mikmaşda ýüklerini goýýarlar.


Ahy-nala çek, eý, Heşbon! Çünki Aý galasy weýran boldy! Eý, Rabanyň obalary, perýat ediň, jul guşanyp, ýas tutuň, ekin meýdanlaryňyzda ikiýana ylgaň. Çünki ruhanylarydyr ýolbaşçylary bilen birlikde Milkom sürgün ediler.


Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Şeýlelikde, nähili ýaşaýandygyňyza üns beriň. Nadanlar ýaly däl-de, danalar ýaly ýaşaň.


Ine, Ýeşuwa we ysraýyllar şu galalaryň hanlaryny: Ýerihonyň, Beýteliň golaýyndaky Aýyň,


Olaryň araçäginiň demirgazyk tarapy Iordan derýasyndan başlanýar, soň araçäk demirgazykda Ýeriho gerşine çykyp, daglyklaryň üsti bilen günbatar tarapa öwrülip, Beýtawen çöllüginde gutarýar.


Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.


Dolanyp gelenlerinden soň, olar Ýeşuwa: «Ähli adamlaryň ol ýere gitmegi hökman däl, goý, iki-üç müň adam gitsin-de, Aý galasyny basyp alsyn. Onuň ilaty az, ol ýere tutuş goşuny sürmegiň geregi ýok» diýdiler.


Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.


Şeýdip, ol gün Reb Ysraýyla ýeňiş getirdi. Söweş Beýtawene geçdi we Şawulyň ýanyndaky goşun hemmesi bile on müň adama golaýdy. Söweş Efraýym daglygyna ýaýrady.


Şeýle hem ol Beýteldäki, Negep çölünde Ramotdaky, Ýatyrdaky,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ