Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 7:19 - Mukaddes Kitap

19 Soňra Ýeşuwa Akana: «Oglum, Ysraýyl Hudaýy Rebbi şöhratlandyr we Oňa şükür et. Indi bolsa, näme eden bolsaň maňa aýt, menden hiç zat gizleme» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Соңра Ешува Акана: «Оглум, Ысрайыл Худайы Ребби шөхратландыр ве Оңа шүкүр эт. Инди болса, нәме эден болсаң маңа айт, менден хич зат гизлеме» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 7:19
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Işaýa pygamber: «Olar seniň köşgüňde näme zatlary gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümde bolan zatlaryň baryny gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik hiç bir zat galmady» diýip jogap berdi.


Hizkiýa Rebbiň hyzmatynda ussatlyk görkezen lewileri ruhlandyrdy. Şeýdip, olar salamatlyk gurbanlygyny berip, atalarynyň Hudaýy Rebbe şükürler aýdyp, ýedi günläp baýramçylyk iýmitlerini iýdiler.


Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen? Hudaýyň sadyk söýgüsi hemişe meniň bilen!


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Ynsanlary sap altyndan, adamlary Opyr gyzylyndan-da has gymmatly ederin.


Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.


Men Hudaýym Rebbe dileg etdim we toba edip, şeýle diýdim: «Eý, Taňry, Seni söýýänlere, buýruklaryny berjaý edýänlere ähtini we baky söýgüsini saklaýan beýik we haýbatly Hudaý!


Hudaýy şöhratlandyrmak üçin bu kesekiden başga hiç kim yzyna öwrülmedimi?» diýip sorady.


Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýyň haky üçin hakykaty aýt. Biz ol Adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler.


Çünki çyn ýürekden iman edýän adam aklanar, agzy bilen ykrar edýän hem halas bolar.


Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip,


Gojalara parasatly, hormata mynasyp, özlerine erk edip bilmekleri, iman, söýgi we sabyr-takat babatda sagdyn bolmaklaryny ünde.


Sebäbi ynsan gahary Hudaýyň isleýän dogrulygyny amala aşyryp bilmez.


Akan Ýeşuwa: «Hakykatdanam, men Ysraýyl Hudaýy Rebbiň öňünde günä iş etdim.


Güýçli howur ynsanlary ýakyp-köýdürdi. Ýöne olar toba gelmediler, Hudaýy şöhratlandyrmadylar. Tersine, bu belalara hökümini ýöredýän Hudaýa gargadylar.


Şawul Ýonatana: «Hany, aýt, näme etdiň?» diýdi. Ýonatan oňa: «Elimdäki hasamyň ujuny bala batyrdym-da, baldan dadyp gördüm. Näme, indi men öläýmelimi?» diýdi.


Şoňa görä endamyňyza çykan çykuwlaryň hem-de ýurduňyza gyrgynçylyk getiren syçanlaryň altyndan şekillerini ýasap, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyryň; şeýtseňiz, belki, Hudaý sizden, siziň hudaýlaryňyzdan we ýurduňyzdan el çeker.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ