Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 7:12 - Mukaddes Kitap

12 Şonuň üçin hem ysraýyllar duşmanyň öňünde durup bilmediler. Olar uruşda ýeňse berip gaçdylar. Çünki olaryň özleri hem ýok edilip, ölüme sezewar edilmelidirler. Eger siz öz araňyzdaky şol ogurlanan zatlary aýryp ýok etmeseňiz, Men mundan beýläk siziň bilen bile boljak däl.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Шонуң үчин хем ысрайыллар душманың өңүнде дуруп билмедилер. Олар урушда еңсе берип гачдылар. Чүнки оларың өзлери хем ёк эдилип, өлүме сезевар эдилмелидирлер. Эгер сиз өз араңыздакы шол огурланан затлары айрып ёк этмесеңиз, Мен мундан бейләк сизиң билен биле болҗак дәл.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 7:12
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şa gyzlary bardyr hormatly zenanlaryňyň içinde, opyr tyllasyna beslenen şa gyzy dur seniň sagyňda.


Erbet adam hiç kim kowalamasa-da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.


Ýazyklaryňyz Hudaýyňyz bilen araňyza aýralyk saldy, sesiňizi eşitmez ýaly, günäleriňiz Onuň ýüzüni sizden gizledi.


Bu halk ýa-da bir pygamber, ýa bolmasa bir ruhany senden: „Rebden gelen pygamberlik ýüki näme?“ diýip sorasa, sen olara: „Siziň özüňiz ýük ahyryn. Men sizi terk ederin“ diýip jogap ber. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Iýerusalim, akylyňa aýlan, ýogsam Men senden ýüz öwrerin. Seni harabaçylyga, ilatsyz bir ýurda öwrerin».


Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe!


Pisligi görerden päkdir gözleriň, ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen. Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen nämä dymýaň?


Musa bu sözleri bütin ysraýyllara ýetirende, halk uly gaýga batdy.


Söweşe çykmaň, çünki Reb siziň araňyzda däl. Duşmanlaryňyza özüňizi paýhynlatmaň!


Öňüňizde amalekler bilen kenganlar bardyr we siz gylyçdan geçirilersiňiz. Çünki siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towladyňyz, Reb siziň bilen bolmaz».


Onsoň şol daglykda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar aşak indiler we Horma galasyna çenli olaryň yzyndan kowup, olary kül-peýekun etdiler.


Munuň ýaly nejis zady öýüňize getirmäň, ýogsam siziň özüňiz hem şonuň ýaly bütinleý ýok edilersiňiz. Ony ýigreniň we ret ediň, çünki ol bütinleý ýok edilmeli zatdyr».


Altyn-kümüşden, misden we demirden ýasalan ähli gap-gaçlar Rebbe bagyş edilendir. Olar Rebbiň gaznasyna goýulmalydyr».


Delila: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýende, ol oýanyp, öňki gezekdäki ýaly öz-özüni boşatmakçy boldy. Emma ol Rebbiň indi özünden ýüz öwrendigini bilmeýärdi.


Rebbiň ysraýyllara gahary geldi. Reb olary talaňçylaryň eline berdi, olary taladylar. Reb olary çar tarapdan duşmanlaryň eline berdi. Olar duşman öňünde uzak durup bilmediler.


Rebbiň perişdesi bu sözleri aýdanda, ähli ysraýyllar möňňürip aglaşdylar.


Soňra Şawul şeýle diýdi: «Eý, halkyň baştutanlary, ähliňiz şu ýere ýygnanyň. Bu günäniň nähili gazanylandygyny anyklalyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ