Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 7:11 - Mukaddes Kitap

11 Ysraýyl günä iş etdi. Olar ýok edilmeli zatlardan alyp, Meniň olara buýran ähtimi bozdular. Olar şol zatlardan ogurladylar we ýalan sözläp, olary öz öý goşlarynyň arasynda gizläp goýdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Ысрайыл гүнә иш этди. Олар ёк эдилмели затлардан алып, Мениң олара буйран әхтими боздулар. Олар шол затлардан огурладылар ве ялан сөзләп, олары өз өй гошларының арасында гизләп гойдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 7:11
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyllar Hudaýy Rebbiň sözüne gulak asmandyklary üçin hem-de Onuň ähtinden, Rebbiň guly Musa beren tabşyryklaryndan ýüz öwrendikleri üçin şeýle ýagdaýa düşdüler.


Olar gala ýetenlerinde, Geýhazy haltalary Nagamanyň hyzmatkärleriniň elinden alyp, öýde gizledi. Geýhazy hyzmatkärler bilen hoşlaşyp, olary yzlaryna ugratdy.


Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr.


Olar Adam ata ýaly, ähti bozdular, ol ýerde maňa biwepalyk etdiler.


«Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin.


Ýesirler olary ýaňsylap diýýärler: «Ogurlanan zatlary toplaýanyň dat gününe! Haçana çenli agyr girewleri öz üstüňe aljak?»


Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».


Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.


Petrus oňa: «Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synaga salmak üçin dilleşdiňiz? Anha, seret, seniň adamyňy jaýlanlar gapa golaýlap gelýärler, olar seni hem äkiderler» diýdi.


Hudaýyňyz Rebbiň berjek galalarynda araňyzdan Onuň nazarynda pis iş edýän erkek ýa-da aýal tapylyp, ol başga hudaýlara gulluk edip, Rebbiň gadagan eden zatlary bolan Güne, Aýa ýa-da her hili asman jisimlerine sežde edip, Rebbiň ähtini bozmagy mümkin.


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


Eger-de siz özüňize berjaý etmek üçin berlen Hudaýyňyz Rebbiň ähtini bozsaňyz we başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde etseňiz, onda Rebbiň gahar-gazaby siziň garşyňyza tutaşar. Siz Rebbiň beren bu oňat ýerinde şobada heläk bolarsyňyz».


Ýöne ýok edilmeli zatlardan almaly däl diýen buýruga ysraýyllaryň hemmesi boýun egmediler. Ýahuda tiresinden bolan Zeranyň çowlugy, Zabdynyň agtygy, Karmynyň ogly Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan alandygy üçin, Rebbiň gahary ysraýyllaryň başyndan indi.


Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Tur ýeriňden, näme üçin ýüzüňi sallaýarsyň?


Şoňa görä Rebbiň ysraýyllara gahary gelip, şeýle diýdi: «Bu halk olaryň ata-babalary bilen Meniň eden ähtimi bozdy, sözüme gulak asmady,


Soňra Şawul şeýle diýdi: «Eý, halkyň baştutanlary, ähliňiz şu ýere ýygnanyň. Bu günäniň nähili gazanylandygyny anyklalyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ