Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Batly çalnan surnaýlaryň seslerini eşiden badyňyza, ähliňiz gaty sesiňiz bilen gygyryň, şonda galanyň diwarlary ýykylar. Şol wagt ähli adamlar galanyň içine kürsäp girsinler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Батлы чалнан сурнайларың сеслерини эшиден бадыңыза, әхлиңиз гаты сесиңиз билен гыгырың, шонда галаның диварлары йыкылар. Шол вагт әхли адамлар галаның ичине күрсәп гирсинлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 6:4
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, sebäbi Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy.


Ylýas pygamber öz hyzmatkärine: «Bar, deňze tarap seret» diýdi. Hyzmatkär deňze tarap seretdi-de: «Ol ýerde görünýän zat ýok» diýdi. Ol hyzmatkärine şol bir hereketi ýedi gezek gaýtalamagy buýurdy.


Elýaşa onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Git-de, Iordan derýasynyň suwuna ýedi gezek ýuwun, şonda sen keseliňden saplanyp tämizlenersiň» diýdi.


Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy.


Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».


Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».


Lewiler, kohatlar we koralar belent owaz bilen Ysraýyl Hudaýy Rebbe öwgi aýtmak üçin dik durdular.


Ýehoşapat halk bilen maslahatlaşandan soň, Rebbiň şanly huzurynda nagma hem öwgi aýdarlary ýaly aýdymçylar belledi. Aýdymçylar goşunyň öňünden gidip baryşlaryna: «Rebbe şükür ediň, çünki Onuň söýgüsi bakydyr» diýdiler.


Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz».


Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.


Onsoň çep elindäki ýaga sag eliniň barmagyny batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin.


Baş ruhany gana barmagyny batyryp, Rebbiň huzuryna – iň mukaddes otagyň tutusynyň öňüne gany ýedi gezek sepelesin.


Ol menden: «Näme görýäň?» diýip sorady. Men: «Guýma altyndan edilen çyradany görýärin; onuň depesinde ýag gaby, üstünde ýedi çyra, ýedi çyranyň her biriniň ýedi turbajygy bar.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Onsoň Bilgam Ballaga: «Maňa şu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, ýedi öküz bilen ýedi sany goçy taýýarlap goý» diýdi.


Olar galanyň daşyndan ikinji gün hem bir gezek aýlandylar we yzlaryna düşelgä dolanyp geldiler. Olar şeýdip, alty gün aýlandylar.


Goý, ýedi ruhanynyň hersi goçuň şahyndan edilen bir surnaýy alyp, Äht sandygynyň öňünden ýöresin. Ýedinji gün siz galanyň daşyndan ýedi gezek aýlanyň, şol wagt ruhanylar hem surnaýlaryny çalsynlar.


Ýeşuwa ruhanylary çagyryp, olara: «Rebbiň Äht sandygyny göteriň, ýedi sany ruhany bolsa goçuň şahyndan edilen ýedi surnaýy göterip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöresin» diýdi.


Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň we ýedi altyn çyradanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdelerini, ýedi çyradan hem ýedi ýygnagy aňladýandyr».


Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!


arslanyň arryldysyna meňzeş batly ses bilen gygyrdy. Soňra ýedi gök gürrüldisi gürledi.


Şondan soň men gökde ýene bir uly we täsin alamat gördüm: gökde ýedi perişde, hersiniň elinde bolsa bir bela bardy. Bu belalar soňky belalar bolup, olar Hudaýyň gazabyny soňlaýardylar.


Dört mahlugyň biri ýedi perişdä baky ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi.


Şondan soň men ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim.


Men tagtda Oturanyň sag elinde düýrlenen bir kagyz gördüm. Onuň iki tarapynda-da ýazgylar bolup, ýedi möhür bilen möhürlenendi.


Onsoň men damagy çalnan guza meňzeýän bir Guzyny gördüm. Guzy tagtyň ortasynda, dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda durdy. Guzynyň ýedi şahy bilen ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.


Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi.


Onsoň ýedi perişdäniň hersi elindäki surnaýy çalmaga taýýarlandylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ