Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 6:25 - Mukaddes Kitap

25 Şol wagt Ýeşuwa kasam edip, şeýle diýdi: «Kim bu Ýeriho galasyny täzeden gursa, goý, oňa Rebbiň huzurynda nälet siňsin! Onuň düýbüni tutan nowbahar ogluny ýitirer, derwezesini diken körpe oglundan dynar!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Шол вагт Ешува касам эдип, шейле дийди: «Ким бу Ерихо галасыны тәзеден гурса, гой, оңа Реббиң хузурында нәлет сиңсин! Онуң дүйбүни тутан новбахар оглуны йитирер, дервезесини дикен көрпе оглундан дынар!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 6:25
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Salmondan Bowaz dünýä indi, onuň ejesi Rahapdy. Bowazdan Obet dünýä indi, onuň ejesi Rutdy. Obet Ýyşaýyň kakasydy.


Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar“.


Imany arkaly loly Rahap heläk bolmady. Ol ysraýyl içalylaryny dostlukly garşylandygy üçin, Hudaýa tabyn bolmadyklar bilen bile öldürilmedi.


Edil şunuň ýaly, loly Rahap hem eden işi arkaly aklandy. Ol ysraýyl içalylaryny öýünde gizläp, olara başga ýoldan gaçyp gitmäge kömek etdi.


Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.


Emma bu aýal ol iki adamy öz öýünde gizläp, hanyň iberen adamlaryna: «Dogrudan-da, meniňkä adamlar geldiler, ýöne olaryň niredendiklerinden meniň habarym ýok.


Emma Rahap ol adamlary üçegiň ýokarsyna çykaryp, ol ýerdäki zygyr üýşmeginiň arasynda gizläpdi.


Ýeşuwa hem başga on iki sany daşy Iordan derýasynyň ortasynda, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň duran ýerinde goýdy. (Ol daşlar biziň günlerimizde hem şol ýerde dur.)


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ