Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 6:24 - Mukaddes Kitap

24 Ýeriho galasyna içaly bolup baranlary gizläp saklandygy üçin, Rahaby we onuň dogan-garyndaşlaryny Ýeşuwa diri galdyrdy. (Onuň nesilleri şu günki gün hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar.)

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Ерихо галасына ичалы болуп баранлары гизләп сакландыгы үчин, Рахабы ве онуң доган-гарындашларыны Ешува дири галдырды. (Онуң несиллери шу гүнки гүн хем ысрайылларың арасында яшаярлар.)

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 6:24
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu hakda Dawuda habar berenlerinde, ol: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihoda boluberiň, soň gelersiňiz» diýen tabşyryk bilen olaryň öňünden adam iberdi, çünki olar gaty utanýardylar.


Nebuzaradon Rebbiň öýüne, patyşanyň öýüne we Iýerusalimiň ähli jaýlaryna ot berdi; ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy.


Dawut bu sowgatlary-da ähli milletlerden: edomlylardan, mowaplylardan, ammonlylardan, piliştlilerden hem amaleklerden ele salan altyn-kümüşleri bilen bile Rebbe bagyş etdi.


Midýanlaryň ýaşan ähli galalarydyr obalaryny ýakdylar.


Ondan alnan ähli oljany meýdançada bir ýere ýygnaň. Soňra galany we ondan alnan ähli oljany Hudaýyňyz Rebbe başbitin ýakma gurbanlygy hökmünde oda ýakyň. Ol ýer hemişelik harabaçylyga öwrülsin, hiç haçan täzeden gurulmasyn.


Rebbe aýry goýlandygy üçin ýakylmaly zatlaryň hiç biri eliňde bolmasyn. Şonda Reb gahar-gazabyndan köşeşip, size rehimdarlyk eder. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň nazarynda dogry işleri etseňiz we Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, onda Ol ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, Özüniň rehimdarlygy bilen sizi köpeltjekdir.


Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek bu halklaryň galalarynda bolsa ýekeje-de janly-jandar diri galmaly däldir.


Şeýle hem, ysraýyllar onuň içindäki ähli ýaşaýjylaryny gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler, ol ýerde ýekeje-de diri janly-jandar galdyrmadylar. Hasor galasyny bolsa oda berdiler.


Şeýdip, adamlar gygyrdylar, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar. Goşun surnaýlaryň sesini eşiden badyna şeýle bir uly şowhun turuzdy welin, galanyň diwarlary ýykyldy. Şol wagt goşun gala tarap okduryldy we ony basyp aldy.


Şol wagt Ýeşuwa kasam edip, şeýle diýdi: «Kim bu Ýeriho galasyny täzeden gursa, goý, oňa Rebbiň huzurynda nälet siňsin! Onuň düýbüni tutan nowbahar ogluny ýitirer, derwezesini diken körpe oglundan dynar!»


Şeýlelikde, Ýeşuwa Aý galasyny oda ýakdy we ony tä şu günlere çenli ömürlik harabaçylyga öwürdi.


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ