Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 6:2 - Mukaddes Kitap

2 Ähli urşujylaryň bilen alty günüň dowamynda, günde bir gezek galanyň daşyndan aýlan.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Әхли уршуҗыларың билен алты гүнүң довамында, гүнде бир гезек галаның дашындан айлан.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 6:2
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, piliştlileri şübhesiz seniň eliňe berjekdirin» diýdi.


Olaryň nesilleri gelip, ýurdy eýelediler. Sen ýurduň ilatyny, kenganlary olara boýun egdirdiň. Halanlaryny etsinler diýip ýurduň halklaryny patyşalary bilen birlikde olaryň ellerine berdiň.


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,


Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi.


Reb olaryň hanlaryny-da siziň eliňize berer, siz olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaň. Olary ýok edýänçäňiz, hiç kim siziň öňüňizde durup bilmez.


Ine, Ýeşuwa we ysraýyllar şu galalaryň hanlaryny: Ýerihonyň, Beýteliň golaýyndaky Aýyň,


Olar Ýeşuwa: «Dogrudan-da, Reb tutuş ýurdy biziň elimize beripdir. Ol ýerde ýaşaýan ähli halk biz sebäpli dowla düşýär» diýdiler.


we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi.


Onsoň Reb Ýeşuwa şeýle tabşyrdy: «Ine, Men Ýeriho galasyny we onuň edermen urşujylary bilen birlikde onuň hanyny seniň eliňe berýärin.


Goý, ýedi ruhanynyň hersi goçuň şahyndan edilen bir surnaýy alyp, Äht sandygynyň öňünden ýöresin. Ýedinji gün siz galanyň daşyndan ýedi gezek aýlanyň, şol wagt ruhanylar hem surnaýlaryny çalsynlar.


Soňra Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Hiç zatdan gorkma we dowla düşme. Öz urşujylaryňyň ählisini al-da, göni Aý galasyna ýöriş et. Görýäňmi, Men Aý galasyny, onuň hanyny, adamlaryny we ýerini seniň eliňe berjekdirin.


Ysraýyl Hudaýy Reb Sihony hem-de onuň halkyny ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary ýeňdiler.


Sen öz hudaýyň Kemoşyň özüňe beren ýeriniň üstünden eýelik edeňokmy näme? Biz hem Hudaýymyz Rebbiň biziň bähbidimiz üçin basyp alan ýerine eýelik edýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ