Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 6:19 - Mukaddes Kitap

19 Şeýdip, adamlar gygyrdylar, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar. Goşun surnaýlaryň sesini eşiden badyna şeýle bir uly şowhun turuzdy welin, galanyň diwarlary ýykyldy. Şol wagt goşun gala tarap okduryldy we ony basyp aldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Шейдип, адамлар гыгырдылар, руханылар сурнайларыны чалдылар. Гошун сурнайларың сесини эшиден бадына шейле бир улы шовхун турузды велин, галаның диварлары йыкылды. Шол вагт гошун гала тарап окдурылды ве оны басып алды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 6:19
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut bu sowgatlary-da ähli boýun egdirenlerinden: edomlylardan, mowaplylardan, ammonlylardan, piliştlilerden, amaleklerden hem-de Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezerden alan altyndyr kümüşleri bilen birlikde Rebbe bagyş etdi.


Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi.


Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin edilmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary: kümşi, altyny, we ähli enjamlary getirip, Rebbiň öýündäki hazynada goýdy.


Rebbiň aýdyşy ýaly, Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi.


Dawut bu sowgatlary-da ähli milletlerden: edomlylardan, mowaplylardan, ammonlylardan, piliştlilerden hem amaleklerden ele salan altyn-kümüşleri bilen bile Rebbe bagyş etdi.


Hudaýyň öýüniň hazynalary hem-de berlen sadakalaryň hazynalary beýleki lewileriň garamagyndady.


Şelomyt bilen onuň garyndaşlary Dawut patyşa, urugbaşylar, ýüzbaşylardyr müňbaşylar hem-de beýleki goşunbaşylar tarapyndan bagyş edilen hazynalaryň baştutanlary boldular.


Rebbiň öýüni saklamak üçin, olar uruşlarda alnan oljalardan ol ýere sadakalar bererdiler.


Şeýle hem Şamuwel görgür, Kişiň ogly Şawulyň, Neriň ogly Abneriň, Seruýanyň ogly Ýowabyň bagyş eden zatlary, umuman, bagyş edilen zatlaryň ählisi Şelomyt bilen onuň garyndaşlarynyň gözegçiligi astyndady.


Şeýle hem ol göz öňünde tutan ähli işleriniň: Rebbiň öýüniň howlularynyň, onuň töwereginde bolmaly jaýlaryň, Hudaýyň öýüniň hazynalarynyň hem-de berlen sadakalardyr hazynalary,


Ol kakasynyň we özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny altyny, kümşi we enjamlary Hudaýyň öýüne getirdi.


Olar sadakalaryny, ondan birlerini we bagyş edilen zatlary wepalylyk bilen şol ýere getirdiler. Bu zatlar lewilerden Konanýanyň baştutanlygynda edildi. Konanýanyň inisi Şimgi bolsa onuň kömekçisidi.


Lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarkalar, Harun neslinden bir ruhany olaryň ýanynda bolar. Lewiler hem özleri üçin toplanan tutuş hasylyň ondan bir bölegini Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarlar.


Şeýlelikde, Ebetmelek adamlary ýanyna alyp, patyşanyň köşgündäki ýerzemine girdi we ol ýerden ýyrtyk eginbaşlary, köne-söne esgileri aldy. Olary tanap bilen guýynyň içine – Ýermeýa sallady.


Dördünji ýyl bolsa hemme miweler alkyş hökmünde Rebbe bagyş edilsin.


Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».


Talanyp alnan zatlary we ähli oljany, adamlardyr mallary bolsa alyp gaýtdylar.


Onsoň olar ýesirleri, oljalaryny we talanyp alnan zatlary Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlügindäki düşelgede bolan Musa bilen ruhany Elgazara we ysraýyl halkyna getirdiler.


altyn, kümüş, bürünç, demir, galaýy we gurşun ýaly


Ýolbaşçy ruhanylar bolsa kümüşleri alyp: «Bu pullary ybadathananyň hazynasynda goýmak kanuna dogry gelmeýär, sebäbi bular gan nyrhydyr» diýdiler.


Isa sadaka gutusynyň garşysynda oturyp, oňa pul atýan halky synlaýardy. Ençeme baý adamlar guta köp pul atdylar.


Ysraýyl günä iş etdi. Olar ýok edilmeli zatlardan alyp, Meniň olara buýran ähtimi bozdular. Olar şol zatlardan ogurladylar we ýalan sözläp, olary öz öý goşlarynyň arasynda gizläp goýdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ