Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 6:17 - Mukaddes Kitap

17 Bütinleý ýok edilmeli zatlardan daşda duruň. Göz gyzdyryp, ol zatlardan ýekejesini alsaňyz-da, siz Ysraýyl düşelgesine weýrançylyk we betbagtçylyk getirersiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Бүтинлей ёк эдилмели затлардан дашда дуруң. Гөз гыздырып, ол затлардан екеҗесини алсаңыз-да, сиз Ысрайыл дүшелгесине вейранчылык ве бетбагтчылык гетирерсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 6:17
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seni ýalkany ýalkaryn, seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler sen arkaly pata alarlar».


Eger kimde-kim üç günüň içinde Iýerusalime gelmese, baştutanlaryň we ýaşulularyň buýrugy boýunça, olaryň ähli emlägi ellerinden alnyp, olaryň özleri hem sürgünden gelen halkyň arasyndan çykaryljakdyr diýlip yglan edildi.


Rebbiň gylyjy gana bulanandyr, guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr, ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir; Rebbiň Bosrada gurbanlygy bar, Edomda uly gyrgyn bolar.


Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir; bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir; gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar; çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär.


Eý, ynsan ogly, Hökmürowan Reb her hili guşlara we ähli ýyrtyjy haýwanlara şeýle diýýär diý: «Üýşüň-de, geliň; siziň üçin kesjek gurbanlygyma, Ysraýyl daglarynyň üstündäki uly gurbanlyga dumly-duşdan ýygnanyň, et iýersiňiz, gan içersiňiz.


Emma baýram ýyly gelende, ýer bagyş edilen mülk hökmünde Rebbiňki bolar. Ol ýer ruhanynyň eýeçiligine geçer.


Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Kimde-kim Rebbi söýmeýän bolsa, goý, oňa nälet bolsun. Ýa Rebbimiz, gelsene!


Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi.


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Mukaddes Kanuny berjaý etmek bolsa imana bagly däldir. Emma «ony berjaý edýän adam aman galar».


Hudaýyňyz Rebbiň size buýruşy ýaly hetleri, amorlary, kenganlary, perizleri, hiwileri we ýabuslary bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz.


Imany arkaly loly Rahap heläk bolmady. Ol ysraýyl içalylaryny dostlukly garşylandygy üçin, Hudaýa tabyn bolmadyklar bilen bile öldürilmedi.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Edil şunuň ýaly, loly Rahap hem eden işi arkaly aklandy. Ol ysraýyl içalylaryny öýünde gizläp, olara başga ýoldan gaçyp gitmäge kömek etdi.


Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.


Olar gidişine daglyga bardylar. Kowguçylar olary gözläp, ýoluň ähli ýerlerini agtardylar, emma tapmadylar. Kowguçylar yzyna dolanýançalar, olar üç günläp daglykda boldular.


Ýöne ýok edilmeli zatlardan almaly däl diýen buýruga ysraýyllaryň hemmesi boýun egmediler. Ýahuda tiresinden bolan Zeranyň çowlugy, Zabdynyň agtygy, Karmynyň ogly Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan alandygy üçin, Rebbiň gahary ysraýyllaryň başyndan indi.


Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“».


Şawul keýnlere: «Amalekler bilen bile paýhynlanasyňyz gelmeýän bolsa, ol ýerden çykyň; ysraýyl halky Müsürden çykyp gaýdanda, siz oňa ýardam edipdiňiz» diýip habar ýollady. Şunlukda, keýnler ol ýerden çykdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ